LEP | |||
LEPBEÝ, gepl. d «Gulluk, bolýar, siziň hyzmatyňyza taýýar» diýen manyny aňladýan söz. Sen ýöne biziň diýenjigimizi etde, näme buýursak, lepbeý diýde, işledijik ýör diýip, Gurbany süýt kölüne batyrdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Lepbeý diýip, baýa boýun burardy, Baý hem ony: Ysnat diýip urardy (N. Pomma, Saýlanan eserler). LEPBERILMEK, ser. Lepbermek. Jeýirdäp duran diliň bolsa, lepberilip oturan ýeriňden bize nobat bermän, gürrüň edip otursaň näderdik? (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Iç işikde lepberilip oturdy (N. Pomma, Egri eýikmez). LEPBERMEK, Ýapyrylyp oturmak, iki eplenen ýaly bolup oturmak, ýapbaşyp oturmak. LEP-LEP: l e p-l e p etmekyraň atyp, giň ädip, tagaşyksyz ýöremek. Annaguly-da onuň yzyndan lep-pep edip barýardy. Han küýli elmydama bir ýörşide lep-lep edip ýöreýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). |