SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LUK

LUM

LUP

LU [lu:], kön. s. Balyk ady. <> Lu  ýyly —türkmenleriň köne sene hasaby boýunça müçäniň bäşinji ýylynyň ady.


LUKMA, kön. s.  1. Bir bölek, bir agyz, ýuwdum   (çörek, nahar). Bir lukma nan üçin   ýaşaran gözler, Çekildi horlukly minnetli sözler  (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Siz imperializmiň ýagly lukmasyna gyzygyp, bu gün meni daňsaňyz, ertir olar özüňize meňzeş itlere sizi daňdyrarlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Tutaryk, delil, bahana. Emma öňünde howply bir bela durany, şonuň agzyna-da Mawynyň lukma bolup biljegi ýadyna geleni üçin, onuň göwnüni awlamak gerekdigine düşündi (B. Kerbabaew, Dýgytly ädim).


LUKMAN [lukma:n], 1. Legendar tebip, bilimdar hekim. Ol alaçsyz derde düşen nähoşlary sagaldan lukmanlar hakynda çagalykda eşiden haý-howaýy, nakyllarmy ýadyna saldy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. gepl. d. Ussa. Onda näme üçin: — Bu traktoryň lukmany mendirin — diýdiň? (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).