SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LUK

LUM

LUP


LUMMURDAMAK, 1. Lummur-lummur edip sesli esremek (düýe hakda). Mes erkek lummurdap daşlady

2. göç. m. Lummur-lummur edip ses çykarmak, lummurdyly seslenmek, lokurdamak. Başy serpinjekli mähnet çilim elden-ele gezdi, yzly-yzyna lummurdap esredi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sergezdan diýseň sergezdan, büklüm-büklüm bolup towlanyp, lummurdap, çöle tarap akyp ýatyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LUMMURDAŞMAK, 1. Lummur-lummur edip sesli esreşmek (düýe hakda). Mes erkek lummurdap başlady.

2. Yzly-yzyna lummurdyly ses çykarmak, lummurdap seslenişmek, lokurdaşmak (suw hakda).


LUMMURDY, 1. Erkek esrände çykýan ses. Ýer bilen gögüň arasynda ýeke burunlygym bardy. Onuň lummurdysyna guwanýardym (B. Kerbabaew, Aýgytly edim).

2. Suw çalt akanda ýa-da suw çilim çekilende lokurdyly çykýan ses.


LUMMUR-LUMMUR: lummur-lummur etmek— lummurdyly dowamly ses etmek. Suw labyrynyň käbir aýlawa uran ýeri mesirgän erkek ýaly lummur-lummur esreýär (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).