SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜJE, Ýekeje däne üzüm, üzümiň bir dänesi. Bir müje üzüm hem datmadym.


MÜJEWÜR, dini. Öwlüýäni, mlazarçylygy goramak üçin şol ýerde ýaşaýan adam. Ol garry müjewüre sowal berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÜJERRET, Ýeke, ýalňyz, maşgalasyz.

<> Müjerret  geçmek — öýlenmän ýa-da durmuşa çykman, ömrüňi ýeke geçirmek. Sen näme, öýlenmän müjýerret geçjekmi? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Dünýäden müjýerret geçmek hyýalyň barmy? (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


MÜJI, 1. Keýik owlagynyň, guzynyň aşygy, jübül, jümiş.

2. göç. m. Örän kiçijik, ownuk. Müji ýaly kiçijçk kellesiniň çowly gulaklary, onda aýratyn bir gujuryň baryny mälim edýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Müji aşygy ýaly kiçijik, kelpeňje bir adam onuň göwnüniň tersine bolup çykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).