SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OŇA

OŇD

OŇL

OŇM

OŇŇ

OŇR

OŇŞ


OŇLAMAK, Birini ýa-da bir zady makul bilmek, dogry tapmak, halatmak. Näzik eje özüçe many çykardy, ol: — Meniň tapan gyzlarymdan birini ahyrynda Hoşgeldi oňlan bolara çemeli.! — diýip pikirlendi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Men Annagulynyň bu sana geçmezligini özünden görjek däl we muny oňlamaýan ilden-de görjek däl (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Il oňlasa, atyňy soý (nakyl).


OŇLANMAK, Makul bilinmek, dogry hasap edilmek, halanmak.


OŇLUK, Gowulyk, eýgilik, oňllyk. Oňluk bolsun Aman jan! (R. Seýidow, Bagtlylar).


OŇLULYK, ser. O ň l u k. Wah, bolmanda-da, senden oňlulyk çykasy ýok-la! (B. Pürliew, Ilkinji gün). Onuň bu bolup oturyşyndan oňlulyk tamasyny ederlig ýokdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OŇLY, Gowy, idili, ýeterlikli, doly. Ýedilik pelteli çyra içerini oňly ýagtylandyryp bilmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sen öz jontuk eşegiňi münüp, onda-munda ykdyň, fewralь, mart aýynda oňly gün gazanmadyň (A. Gowşudow, Eserler).