SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OŇA

OŇD

OŇL

OŇM

OŇŇ

OŇR

OŇŞ


OŇRULMAK, Gaňrylyp bognundan  ýazmak, gaňrylyp döwülmek.


OŇRUŞMAK, Gaňryp bognundan ýazdyrmaga kömekleşmek.


OŇURGA, anat. Adamlarda, käbir haýwanlarda: göwräni kelle bilen birikdirýän içi ýilikli süňk. Onuň boýun oňurgasy, döş süňkleri eglip küýkeripdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OŇURMAK, Gaňryp bognundan ýazdyrmak, gaňryp döwmek.


OŇURTMAK, Gaňryp bognundan ýazdyrtmak, döwdürmek.


OŇUŞDYRMAK, Agzybirlik etdirmek, ylaladyrmak, ýaraşdyrmak.


OŇUŞMAK, 1. Biri bilen ylalaşyp ýaşamak, agzybirlik saklamak. Aýna, Meniň Artyk bilen oňuşmaýan, meseläm bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Arçyn aga, olar bilen hem özüm oňşaryn (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2. Razy bolmak, kanagatlanmak. Kitabyň biri bilen oňuşýan bolsam, senden soramazdym («Sowet edebiýaty» žurnaly).