SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖMR

ÖMÜ


ÖMÜR, 1. Biriniň ýa-da bir zadyň ýaşaýyş döwri, ýaşaýyş müddeti. Gajar aga, ömrüň uzak bolsun (A. Gowşudow, Eserler). Aýna-da Artygyň ömri barada az oýlanmaýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Meniň atam hem ömrüni bagbançylyk bilen geçirdi (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy).

2. Jan, jeset. Men ömrümi gorap saklamak üçin bukulmadym (SSSR taryhy).

3. göç. m. Hemişe, mydama, elmydama. Ol ömür maňa sögüp ýör («Pioner» žurnaly). Ýolka ömür solman oturýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Ömrüni üzmek — ser! Ömür tanapyny kesmek.

Ömrüňi kül etmek — biri üçin köp jepa çekmek, köp ýyllar bir zadyň aladasynda bolmak. Arap sopulary ýaly uzyn köýnegiň bilen sülpüldäp, meniň gül ömrümi kül etdiň (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

Ömrüňi çüýretmek — horluk, kynçylyk bilen durmuşyňy geçirmek.

Ömrük uzak bolsun1 — biriniň köp ýaşamagyny arzuw edip, alkyş hökmünde ýüz tutulyp aýdylýan söz.

Ömür baky — ömrünik, durmuşynyň bütin dowamynda, mydama, hemişe.

Sowet Soýuzy  bagt ýurdy — diýip, biriniň mitiňgde aýdany meniň ömür baky ýadymdan çykmaz («Bahar»)!

Ömür boýy — ser. Ömür baky.

Ömür sürmek — durmuşyň lezzetini görmek, ýaşamak.

Ömür tanapyny kesmek — ýaşaýyş durmuşyny gutarmak, öldürmek. Näzik bedeniňe hanjary urup, Ömür tanapyňy ýoldy-da gitdi (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


ÖMÜRLIK, 1. Ömür baky, hemişelik, mydamalyk, Leniniň ömürlik tälimin alyp, Dowam edýäs onuň beýik işini («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. göç. m. Berk, pugta, gaýym, mäkäm.

<>Ömürlik ýoldaş — ser. Ýo l d a ş. Mollanepes Bossantäç atly gyzy söýüpdir we onuň bilen ömürlik ýoldaş bolupdyr («Edebiýat»).


ÖMÜRSIZ, 1. Ömri gysga bolan, az ýaşaýan, az wagt dowam edýän. Ömürsiz ösümlik.

2. göç. m. Berk däl, uzaga gitmeýän, basym harap bolýan.