SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖND

ÖNE

ÖNJ

ÖNM

ÖNÜ


ÖNDEMEK, Birine bir işi etmekligi duýdurmak, yşarat arkaly aýtmak, habar bermek, ýola salmak, gönükdirmek. Tokganyň Durdudan alyp gelen maglumaty — Gyzyl Goşun komandowaniýesini gyssagly hüjüme geçmäge öndedi.  Ol Poltoratskini ýene bir gezek görerin, belki hem ony gaçmaga öndärin — diýip oýlandy (B. Herbabaew, Aýgytly ädim).


ÖNDÜM [e:ndüm],  ser   Öndürijilik.


ÖNDÜMLI   [ö:ndümli], ser .Öndürijilikli. Iş öňküden bir näçe esse öndümli gider («Kolhoz günleri»). ÝAzyjylarymyz  soňky ýyllarda -da öndümli işledi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖNDÜMLILIK [ö:ndümlilik],   ser. Öndirijilik.


ÖNDÜMSIZ [ö-ndümsiz], ser Ö n d ü r i j i l i k s i z.


ÖNDÜRIJI [ö:ndüriji], Önüm beriji, önüm çykaryjy. Uly ýer eýesi ownuk öndürijisini öz häkimligine tabyn edipdir (SSSR taryhy).


ÖNDÜRIJILIK [ö-ndürijilik], Belli mukdarda önüm işläp çykaryjylyk, önüm berijilik, öndümlilik. Zähmet öndürijiligini ýokary götermek.


ÖNDÜRIŽILIKLI, [ö:ndürijilikli], Köp mukdar-da önüm işläp çykarýan, köp önüm berýän, öndümli. Kolhozçylar, ýaşlaryň öndürijilikli zähmetine guwanýarlar («Kolhoz günleri»).


ÖNDÜRIJILIKSIZ [ö:ndürijiliksiz], Köp mukdarda önüm işläp çykaryp bilmezlik, öndümsiz.


ÖNDÜRILMEK [ö:ndürilmek], Öndürip ýetişdirilmek, işlenip çykarylmak, hasyl alynmak. Öndürilen harytlar köp.


ÖNDÜRMEK [ö:ndürmek], Işläp önüm çykarmak, önüm bermek, hasyl almak, işläp taýýarlamak. Guradylan süýt öndürýän zawodyň gurluşygy gutardy («Sowet Türkmenistany» gazeti). Önüm öndürmek planyny ýerine ýetirmek.