SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖSD

ÖSM

ÖSS

ÖSÜ


ÖSÜMLIK, Toprakdan, howadan organiki däl maddalar bilen iýmitlenip ösýän organizm. Adamlar ösümlikleriň süýümlerini örmäge geçipdirler (,SSSR taryhy). Şor ýer öz üstüne ösümlik gögertmeýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖSÜNTGI. 1 Agajyň, käbir ösümligiň düýbünden gögerýän şaha, ekilen tohumyň çykyp başlan bölegi. Ýokary derejedäki yzgarlylykda gowaçanyň çigitlerini we şinelän çigitleriň ösüntgilerini keselledýän patogen organizmleriniň ösmegi üçin amatly şertleriň döreýänligi hakynda ylmy edebiýatda görkezmeler bar (I. D. Şubin, Mary oblastynyň şertlerinde gowaça üçin toprak taýýarlamagyň aýratynlygy). Ösüntgini byçgy bilen kesip, agajy ýylmamak.

2. Bedeniň bir ýerine artyk çykan zat.