SÖZLÜG

ZEB

ZEÝ

ZEK

ZEL

ZEM

ZEN

ZEŇ

ZEP

ZER

ZEF

ZEH

ZEMZEN, zool. Hažžyk sypatly, göwresi süýnmek uzyn guýrukly, arkasy teňňe-teňňe gowly, çölde ýaşaýan süýrenijiler otrýadyna degişli jandar. Zemzen haýbat atyp barýar, Bärisine baka-baka («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Zemzen ýaly çişmek — gaharlanyp çaksyz çişmek, bolgusyz gaharlanyp, tulum ýaly çişmek. Pöwhe bolsa ýamaşgandan zemzen ýaly çişip, ýanyndakylara: — Men muny naýzalaýyn — diýip, naýzasyny somlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ZEMIN [zemi:n], kön. s. ser. Ý e r. Eredi ak garlar ala daglarda, Zeminiň bezegi — gara baglarda (A. Kekilow, Söýgi). Ýerden «N» polkumyz atýar top, muna, Zarbasyndan asman, zemin sandyrýar (Çary Aşyr, Poemalar).


ZEMLESSUS, teh. Güýçli nasos arkaly suw bilen ezilen topragy çykarýan, ýer işlerinde ulanylýan maşyn. Zemlesos ekskawatorlaryň gazyp giden ýerini üstünlik bilen çuňaldyp we giňeldip biler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gurluşyga gelýän zemlesoslýryň yzy üzülmeýär («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


>

ZEMLESOSÇY, Zemlesos bilen gum çykarýan işçi, zemlesosy işledýän adam. Garagum kanalynyň gurluşygynda yhlasly zähmet çekýän tanymal zemlesosçylar bar («Sowet Turkmenistany» gazeti).


ZEMMER, Agyr zatlary bir ýerden başga ýere eltmek uçin iki adam bolup göterilýän dört tutawaçly gural.


ZEMSNARÝA'D, Aýlanyp duran susagy bilen derýalary we ş. m. çuňaltmak, şonuň ýaly-da gum çykarmak uçin ýer işlerinde ulanylýan maşyn. Zemsnarýadyň işleýän ýeri oýulyp barýar («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Zemsnarýadlar kanalyň derýadan gaýdýan sakalaryny giňeldip, gyrmakçaly ýerlerini çuňaldýarlar («Tokmak» žurnaly).


ZE'MSTWO, tar. Rewolýutsiýadan öň: Russiýada bupžuaz dworýanlaryň  1864-nji ýylda girizen oba ýerlerindäki çäklendirilen hukukly ýerli  edara  ediş sistemasy.