SÖZLÜG

ZEB

ZEÝ

ZEK

ZEL

ZEM

ZEN

ZEŇ

ZEP

ZER

ZEF

ZEH

ZEÝ,Ýerasty suwlarynyň aşa köp bolmagy zerarly ýokary çykýan yzgar, suw, nem. Bu otag gün düşmändigi üçin, zeý ysyny berýän kapasa   meňzeýän  ýerdi (M.Ibrahimow, Ol gün geler). Zeý suwy çekdirilip gutarylandan soň, zwenomyz gamyş ýatyrmaga girşidi. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZEÝILLI, Ýaly, dek, tetelli, kimin. Ýok, başlyk, biziň okuwçylarymyz o zeýilli iş etmez. Sud praktikasynda bu zeýilli wakalara şäher sowetiniň kararlary esasynda militsiýa organlary administratiw çäre görýär («Tokmak» žurnaly).


ZEÝKEŞ, oba h. Ýeriň artykmaç yzgaryny çekdirmek üçin ýörite gazylýan kanal.


ZEÝKIR, 1. Goýun gyrkylanda, gyrkylyk agyrtmazlyk üçin başam barmaga saralýan ýüň.

2. Başam barmaga geýdirilýän gaşsyz ýasy ýüzük.


ZEÝLEMEK, Zeý çykmak, yzgar çykmak, yzgar çekmek, şorlamak. Ýollaryň iki tarapy-da zeýläp, ýüzi şorlap ýatan meýdanlyk ýa-da zeý suwundan ezýet çekip, saralyp oturan ekinçilik bolup gidýärdi (B. Seýtäkow, Gyz salgydy). Aşa suwaryş işlerini geçirmeklik ekin meýdanlarynyň zeýlemegine getirýär.


ZEÝLENMEK. ser. Zeýlemek. Ol ýerlerde topragyň şorlanmagy hem-de zeýlenmegi has giň ýaýrandyr (N. Garýagdyew, Tut agaçlaryny oturtmagy giňeltmeklik TSSR-de ýüpekçiligi ösdürmegiň esasydyr).


ZEÝLETMEK., Zeý çykmaga sezewar etmek, zeý aldyrmak, şorlatmak. Suw ýeri zeýledipdir.


ZEÝLEŞMEK, Birneme zeýlemek, zeýläp başlamak.


ZEÝLI, Ýüzüne zeý çykan, zeýi bar bolan, yzgarly. Sary üç günden bäri garaňky, zeýli zyndanda minutsaýyn ölüme garaşýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ZEÝLILIK, Zeý çeken halda bolmaklyk, zeýi barlyk, yzgarlylyk. Ýeriň zeýliligi.


ZEÝRENDIRMEK, Zeýrenmegine sebäp bolmak, zeýrenç döretmek, nägileçilikli ýagdaýa salmak, naýynjar käýindirmek. Biderek zat üçin zeýrendirmek.


ZEÝRENJEŇ, Mydama zeýrenip ýören, zeýrenip ýörmäge endik bolan. Zeýrenjeň adam. Zeýrenjen, gylyk-häsiýet. Zeýrenjeň boluş. I. A. Krylowyň «Zeýrenjeň tilki» diýen basnýasy örän ýiti basnýadyr.


ZEÝRENJIREMEK, Zeýrenip başlamak, çala zeýrenmek, zeýrenç bildirmek. Ýolli zeýrenjiredi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Zeýrenjiräp gürrüň etmek. Ýalandan zeýrenjiremek.


ZEÝRENIŞMEK, Biri-biriň bilen zeýrenmek, köp bolup zeýrenmek. Gulmanyň eden zulumyndan zeýrenişerdiler. Ine olaryň şol günki gürrüňleri derdinişmek, zeýrenişmekdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ZEÝRENMEK, Bir zat barada razylaşmaýanlygyňy nägilelik bilen bildirmek, nägilelik bilen geplemek, käýinmek. Her haýsy öz agyran ýerini tutup zeýrenýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Biriniň ýanynda içiňi döküp zeýrenmek. Nähak zeýrenmek. Igenip zeýrenmek.


ZEÝRENÇ, Bir zatdan dilgir bolup, söz bilen bildirilýän nägilelik, käýinmeklik. Zeýrenç ep-esli wagta çekeninden soň, Artyk bilen Aşyryň arasynda ýuwaşja pyşyrdy dowam etdi. Käte onuň zeýrenji, Aýnaň-da gulagyna ilýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ZEÝRENÇLI, Zeýrenç bilen syzdyrylýan, zeýrenç bilen beýan edilýän, igençli. Adamlaryň zeýrençli käýinji gyzyşyp, bir dereje barandan soň, Baba soldat murtlaryny towlady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Zeýrençli hem sowuk garaşlar, bütinleý ýalňyzlyk, agyr durmuş Gülnäzi aýgytly karara gelmäge mejbur edýärdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ZEÝTUN [zeýtu:n], 1. bot. Günorta ýurtlarda ösýän, hemişe gök salyp duran subtropik ösümlik we onuň ýag alynýan garaly pisint miwesi, maslina. Gretsiýada zeýtun we üzüm agaçlaryny ösdürmek gowy başardýar (Gadymy dünýä taryhy). Bulьwarda, buýraly zeýtun astynda Otyr iki juwan söhbete gyzyp («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Sarymtyl ýaşyl reňk. * Zeýtun d o n — sarymtyl-ýaşyl reňkdäki don, zeberjet don, zeberjet daşynyň reňkindäki don. Halnazaryň garşysynda duran orta boýly, zeýtun donly, gürzelek ak sakgaldy (B, Kerbabaew, Aýgytly ädim}.