SÖZLÜG

ZIB

ZIK

ZIL

ZIŇ

ZIR


ZIŇK: ziňk etmek — ser. Ziňkildemek  Sähet ziňk edip tisgindi (A. Gowşudow. Eserler).


ZIŇKIDIKLEMEK, Agsap ýöremek; leňkildäp hereket etmek, ziňk-ziňk edip çalt ýöremek, aýagyň aşagy ýaýly ýaly tiz ýöremek, bökjeklemek.


ZIŇKILDEMEK, 1. Allaniçigsi tisginmek, birden tisginip gitmek, ziňk etmek. Pökgi wala iňňe urlan ýaly ziňkildedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Italmaz ziňkildäp, zöwwe ýerinden turýar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

2. ser Ziňkidiklemek .Şeker aýagynyň aşagy ýaýly ýaly ziňkildäp, Artygyň boýnuna bökdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ZIŇKILDETMEK, 1. Birden silkindirmek, tisgindirmek, allaniçigsi bökdürmek

2. Leňkildedip hereket etdirmek, ziňk-ziňk etdirmek. Agsak aýagyny ýere degrip-göterip, egnini ziňkildetdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ZIŇKILDEŞMEK, 1. Allaniçigsi tisginişmek, ziňkildili böküşmek, gorkuly ýagdaýda bolmak. Ziňkildeşip oturmak .

2. Lekkildeşip hereket edişip ýörmek, bökjekleşmek.


ZIŇŇIRT, Ýokarsy çürelip duran, sommak, çüri. Onuň ziňňirt papagynyň aşagyndan gara buýra saçlary görünýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).