SÖZLÜG ; B- HARPY;
BUT

BUT [bu:t] I, anat. Aýagyň dyzdan ýokarsynyň çatalba birleşen ýerine çenli bolan aralygy. Wüşi keliň iki butlary saňňyldaşyp titreýärdi (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde). Maňlaýy sakar al atyň art butlary çykyn-çykyn bolup durdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan);


BUT II, Jaýyň binasyny tutmak üçin ulanylýan daş.


BUTERBROD, Arasy ýagly, kolbasaly ýa-da peýnirli bir bölek çörek, bulka we ş. m.

Olar buterbrod alyp iýdiler.


BUTNAMAK, Duran ýeriňden gozganmak, ýöremek, gymyldamak, süýşmek, deprenmek. Öldürseňiz hem, men indi şu ýerden butnajak däl! Haýsyň duran ýeriňden butnaýsaň — ataryn! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Henizem dur şol ýerinde butnaman (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Begenç butnaman durdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Alakalar ilkibada öň aýaklaryny galdyryp, çommalyşyp, haýran galýan ýaly butnaman durdular (N. Jumaew, Ak derek). Feride duran ýerinden butnamady, ýaşa dolan gözleri bilen oňa nazar saldy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BUTNATMAK, Duran ýerinden gozgatmak, gymyldatmak, depretmek. Gaplaň: — Men samry butnatman tutaryn —  diýip  pikirlenipdir  («Mydam   taýýar»gazýeti).  Ol ony duran ýerinden butpadyp hem bilmedi

(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BUTPARAZ,Buddizmi undeýän, buddizmiň tarapdary. Olar butparaz bolandyklary üçin, göýä dowzaha barmaly. ekenler  (Orta asyrlar taryhy).


BUTPARAZLYK, Budda dininiň tarapyny tutujylyk.


BUTHANA [butha:na], I. Budda dinine çokunylýan jaý, hudaýa çokunylýan ýer.

2.Ybadathana, kilise.Ýaman etseň, ýekşenbe güni buthana täze lenta dakynman gidersiň-dä! (M.Ýu.Lermongow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).

3. göç. m. Dini gurama. Patyşa tagtynyň arkadaýanjy, bolan buthana-da Puşkin garşy çykýar.(A. S. Puşkkn, Saýlanan eserler).