SÖZLÜG ; B- HARPY;
BUÝA

BUÝURMAK, Bir işi ýerine ýetirmegi tabşyrmak, buýruk bermek. Hökman zynjyr bilen daň — diýip, Çoluga buýurdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BUÝAN, bot. Köki derman etmek üçin taýýarlanylýan, köplenç derýa ýakalarynda ösýän köpýyllyk ösümlik. Ýorunjaly atyzlaryň çillerindäki buýanlary, peçekleri orup almak.


BUÝANA [buýa:na], Mundan beýläk, şeýläk, eýläk. Durdy aga gaharly äheňde: — Indiden buýana şeýle zat bolmasyn — diýdi (J. Akyew, Mergeniň ogly).


BUÝANLYK, Buýanyň köp ösen ýeri. Güljanlaryň öýa dört tarapy hyşalyk, buýanlyk, tutluk bolan mekdebiň ýanynda ýerleşýärdi   (N.Pomma,  Sebäbini soň  bildim)