SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

APA

APADAŇLAMAK, Gabarylyp ýöremek, özuňi haýbatly alyp barmak.

Goltugy garpyzly ýaly, apadaňlap çişip ýördi («Tokmak» žurnaly).


APAŇ-APAŇ: a p a ň-a paň basmak — haýbatly, gopbamsy ýöremek.

Ol özni üstün çykan hasap edip, apaň-apaň basdy-da, eýwanda gezim etdi. Peleň apaň--apaň basyp, garrynyň ýanyna bardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


APARTA'MENT, Içi gowy bezelen jaý.


APAT [a:pat], Gorky, howp, elhenç zat.

Kärendeden islenýän hasyl emele geljekmi ýa bir apat peýda bolup, göklügine orlup gitjekmi? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Musa aga apat astynda galanyny gördi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


APATIK, Apatiýa mahsus bolan, apatiýa berlen. Apatik adam.


APATIKLIK, Göwni sowuklyk, parhsyzlyk, perwaýsyzlyk. Apatiklik ýagdaýyndaky adam.


APATIT, min. Superfosfat, fosfor kislotasy we hek edilýän mineral.


APATIÝA, Hemme zatdan el sowamaklyk, perwaýsyzlyk, parhsyzlyk.


AP-AÇYK, 1. Örän äşgär, aýdyň, belli.

Onuň ertir geljeg-ä  ap-açyk, ýöne şu günem geläýmegi mümkin.

2. Dury, kir-kimirsiz. Asmanyň ýüzi ap-açyk bolsa-da, ol basjak ýerini gaty gowy saýgarmaýardy.