APBASY [apba:sy], 1. Ýigrimi köpüklik pul mukdary. Maňa bir apbasy bersene! diýip, Maslow aýgytlylyk bilen aýtdy-da, agyr elini egnine atdy (M. Gorьkiý, Eserler). 2. Aýal köýneginiň öňüne dakylýan ýaprak ýaly ýasy, kümüşden edilen bezeg şaý. Onuň boýnunda goşa towuk, gyzylly apbasylaryň aşak etegin-de gönjük, iki ýan gapdalynda tumar, barmaklarynda hatar ýüzükdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
APBASYLYK [apba:sylyk], Ýigrimi köpüklik şaýy pul. |