AŞ, Iýilýän naharlaryň umumy ady. Ýorunjadan biziň garnymyza aş bolýarmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). ¨ Aş bermek — dini duşünjä görä: öleniň hatyrasyna nahar bermek. Aş saýlamak — agzy bimaza bolmak, ýürek bulanmak, göwrede çaga galmak sebäpli, organizmiň her dürli nahary, iýmiti talap etmegi, göwreliligiň birinji stadiýasy. Aşa düşmek — gereginden artyk iýmek, köp iýip, özüni horlamak. Nämemşi, kolhozyň gara mal ferma müdiri mugt etden aşa düşüp, garny deprek ýaly bolupdyr («Tokmak» žurnaly). Agyzda aş gatyklamak — bolsady ekmek, gury söz bilen göwnüňi berjaý etmek. Haýsy aşyň gatygy — «Sen kim, sen nämäniň alynyndan?» diýen manydaky aňlatma. |