AŞA [a:şa], Öte, aýry, has ýokary, köp. Saňa «haý» diýilmedigiçe, sen hetdiňden ören aşa gitdiň! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). AŞAK [aşa:k], 1. Düýp, ast. Aşagy çäýrän agaç. 2. Kömekçi söz rolunda: Suratyň aşagynda ussanyň zähmet ýeňişleri barada oçerk hem bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). 3. Pes. Käýyllar bolsa sowuk nuldan aşak düşýär-de, ähli gowaçany sowuk urup, ýetişen körekleri ak patrak ýaly açyp. gidýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). 4. Gunbatar-demirgazyk tarap. Şol wagt aşak gapdaldan hataryň ugruny syryp Annaguly gelýärdi. Bular aşak tarana köçäniň ugry bilen deňje ýöräp gitdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler). * Ýüzüni aşak salmak uýatly etmek, utandyrmak. Ol ýüzüni aşak salyp otyr. AŞAKLAMAK [aşagklamak], 1. Peselmek, pese düşmek, aşak düşmek. Samoliot kem-kemden aşaklady. 2. Arzanlamak, bahasy peselmek, gymmaty azalmak. Harydyň önümçilige düşýän gymmaty aşaklady. AŞAKLATMAK [aşagklatmak], 1. Peseltmek, pese düşürmek, aşak düşürmek. Emma ol meni uzak göterip bilmän, kem-kemden aşaklatdy (Myraly). 2. Arzanlatmak, bahasyny peseltmek, gymmatyny azaltmak. Önümçiligiň önüme düşýän gymmatyny aşaklatmak. AŞAKY [aşa:ky], Aşakda ýerleşen, aşakdaky. Aşaky etaž. Aşaky jaý. |