GOW I, Ýylanyň hamynyň daşyndan sypyryp aýrylýan ýukajyk ýargak. Ýylan gow taşlapdyr. GOWADAKLAMAK, 1. Owşanaklap ýörmek, owşarlamak. Gylyç Gajar ogly gowadaklap, tagtanyň ýanyna. geldi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). 2. göç. m. Ýaranjaňlyk bilen hereket etmek. Gotur söwdager ep-esli salymdan bäri gowadaklaýarka, ahyrynda maý tapyp, başynda olara arz etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GOWADAKLAŞMAK, 1. Bir näçe bolup gowadalaşmak, owşanaklaşyp ýörmek, owşanaklaşmak. Çaga bagynda gowadaklaşyp oýnaşyp ýören çagajyklar göreniňde, olara tomaşa edip, ýylgyranyňy özüň hem duýmaýarsyň. 2. göç. m. Iki ýa-da ondan-da köp bolup, birine ýaranjaňlyk bilen hyzmat etmek, hompuldaşmak. GOWAK, Dagyň, depäniň we ş m. ýüzündäki, düýbündäki, içindäki ullakan çukur, uly köwek ýer. Ol keniz bir gowagyň agzyndan baryp, atdan düşdi-de, onuň içine girdi (Myraly). Şol çöllügiň aňry başynda bir ullakan gowak bardyr («Türkmen ertekileri»). GOWALDAŇ, Dolak dolanman, jorapsyz. Meret-de turup, çäkmenini egnine ýasgynjak alyp, çarygyny aýagyna gowaldaň sokup, aýak ýoluna gitdi. Han aga çokaýyny aýagyna gowaldaň sokup, daşaryk çykdy. GOWALÇ, 1. Içi boş, içi paklaw. 2. ser. Gowuz. GOWAÇA, Pagte hasylyny berýän ösümlik. Gök gowaça parahat deňiz ýaly öwüşgin berýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Hasyl ussatlary gowaça ekişine girişdiler («Bahar»). GOWAÇALYK, Gowaçanyň ekilen, gögerip oturan ýeri. Ganarlar hem gowaçalykda dikelýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). GOWGA [gowga:], 1. Dawa, gykylyk, galmagal. Bu gowga munuň bilen gutarmady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Bir gowgada galdy başym, Dynmaý akar gözde ýaşym. Eý ýaranlar, kim ýetişer dadyma? Başym çykmaz köp gowgaýa sataşdym («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). 2. Uruş, söweş, jeň. Men ömri gowga bilen geçen adamy adam hasap edýärin (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ganly gowgalarda geçdi köp günüň (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Rus gelmezden ozal, bizits ülkemizde ýylda gowga, ýylda щetsdi (B. Kerba-baew, Aýgytly ädim). Siziň başyňyzda bir gowga turuzsam gerek («Görogly» eposy). GOWGALY [gowgagly], 1. Gepli-gürrüňli, galmagally, gykylykly, dawaly. Onuň gowgaly geçmişiniň yzyny soradym (N. Pomma, Taýlak hьgzzyn). 2. göç. m. Uruş-çygyryşly, söweşli, jeňli. Ýaşadyk gowgaly ahy-nalada, Mekanmyz bolupdy hatap galada (N. Pomma, Saýlanan eserler). GOWGASYZ [gowga:syz], Dawa-jenjeli bolmadyk, galmagalsyz, gykylyksyz. GOWGAÇYL [gowgagçyl], Mydama gowga, dawa edýän, gykylykçy, galmagalçy. Gowgaçyl adam. GOWZAMAK, Gabyň we ş. m. içindäki zat azalmak, egsilmek. Ýanlygyň garny bir tyňzap, bir gowzap ses etdi. Köşek ene düýäň gowzan emjeklerini taýly gezek sokjaýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GOWZATMAK, Doly halyndan azaltmek, üstünden birneme aýyrmak, egsik etmek. Çuwaly, gowzatdylar. Ol hiňlenip, ýüreginiň gamyny gowzadansoň, her eline bir bedre alyp, suwa gitdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). GOWKA, Nahara atmak üçin ýörite yolnan we otda çawlanan dowar derisi. GOWKURT, bot. Daglyk ýerlerde bitýän ýasy yaprakly ýumşak baldakly mal oty. GOWKY, Birneme egri, ýaý berip duran. Ol ellerini galgadyp, hynçgyryp gepledi (B. Kerbabw Aýgytly ädim). Onuň aýagy gowky. GOWLUK, Ýuwlukdan bolan çaga. GOWRULMAK, Dogralan et ýagda daglanyp bişmek bişip ýagy çykmak. Ýanýan ýagyň, gowrulýan. etiň ysy tamdyrda bişýän çöregiň ysy bilen goşulypdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GOWRUNMAK, Özüň üçin gowurmak,gowrup bişrinmek. Et gowrunmak. Balyk gowrunmak. Künji gowrunmak. GOWRUŞMAK, Gowurmaga kömek etmek, bile gowurmak. Et gowruşmak. Çigit gowruşmak. GOWUZ, Doly däl, egsik, gowalç. Altyn doly bedresiniň suwuny gowuz bedresine guýdy (A. Durdya Saýlanan eserler). GOWUZLYK, Doly dällik, egsiklik. GOWULANDYRMAK, Önki ýagdaýyndan oňatlandyrmak, öňküsinden ýagşylandyrmak. Gul eýelerniň özleri hem tehnikany gowulandyrmaga gyzyklanmaýarlar (Gadymy dünýä taryhy). Biziň ýurdumyzda aýallaryň ýaşaýşyny we durmuşyny gowulandyrmaklyga köp üns berilýär («Sowet Turkmenistany» gazeti). GOWULANMAK, 1. Önki ýagdaýyndan oňat bolmak ýagşylanmak. Işler gitdigiçe gowulanýar. 2. Sagat bolmak, sagalmak, ýagşylaşmak.
GOWULATMAK, Öňki ýagdaýyndan gowulandyrmak ýagşьglandyrmak, oňatlatmak. GOWULAŞMAK, 1. Öňki ýagdaýyndan gowulanmzk, ýagşylaşmak, oňatlaşmak. 2. Syrkaw halyndan ýagşylaşyp başlamak, aýňalyp başlamak, oňatlaşmak. GOWULYK, 1.Gowy haldalyk, oňatlyk, ýagşylyk. Senden gowulyk tamasyny edip duramzok. Kolhozyň erbetligi-gowulygy ýolbaşçylyga bagly ahry (A. Gowşudow, Eserler). 2. dial.ser. Elbukja. GOWUR, Galmagal, zenzele. Obanyň içinde iki yan ylgaşyp, gowur edýärler (N. Pomma, Taýlak hyzzyýa). Bakyň, Babaň ýaşy ýetse-de çene, Biderek gowur etdi düşünmän çyna (N. Pomma, Goşgular). GOWURGA, Gowrulan bugdaý. Ol wagtlar gün güýçliniňkidi, gowurga dişliniňkidi («Pioner» žurnaly). Gowurga gowrunmak. Künjüli gowurga. GOWURDAK, I. Gowrulan guýruk ýagyndan galan girdek. 2. ser. G o w u r m a. Eline ullakan ak käse alyp, golçadan gowurdakly ýag çykardy.(A. Durdyew Saýlanan eserler). Gowurdak çorbasy. GOWURDY, Galmagally edilýän gurrüň, köpçülikleýin gepleşik. Myhmanlaryň arasynda gowurdy peýda boldy. («Mydam taýýar» gazeti). GOWURMA', Maýda dogralan eti ýagda gowrup, alynýan taýýar iýmit. Ine, içine ýagly gowurma dykylan garyn, gaýnadylan et we başga iýmeli zatlar. GOWURMAK I 1- Azajyk suw guýup, ýaga daglap bişirmek Bir owlagy hem gowur-da, öňünde goý (G. Muhtarow, G Seýitliew, Çopan ogly). 2. Gyzgynyna ýandyrmak ýakmak. Gün ähli ösümlikleri gowurýardy (Gadymy dünýä taryhy) . * Gysyp gowurmak ser. Gysmak. Olary deňsizlik gysyp gowurýardy («Mydam taýýar» gazeti). GOWURMAK II , Ýüp ýa-da ýüplük bilen büzmek, daraltmak (çaryk, telpek we ş. m. hakynda). Telpegiň etegini gowurmak. GOWURTMAK, Azajyk suw guýup, ýaga dagladyp biişirtmek. Et gowurtmak. GOWUŞGYN. Bir işi, hereketi ýerine ýetirmek üçin oňat ýagdaý, ykjamlyk. GOWUŞGYNSYZ, Gowuşgyny bolmadyk, ykjam däl, gowşak, ysgynsyz. Bu ak ýüzli gowuşgynsyz göwreden hojaýynyň ysy gelýärdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserlsr). Gelniň gowuşgynsyz ýuka dodaklarynyň tisginjireýänine, pakgaran diliniň diýjek bolýan zadyna öwrülmeýänine gözi düşende, ondan tamasyny üzüpdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GOWUŞGYNSYZLYK, Gowuşgynsyz halda bolmaklyk. Biz bolsa Bakyew ýaly ferma müdiriniň gowuşgynsyzlygy zerarly öz malymyzy har edýäris («Kolhoz günleri»). GOWUŞMAK, 1. Eýesiniň eline düşmek, baryp ýetmek, gelip ýetmek. Iberen kitaplaryň iki ekzemplýary hem maňa gowuşdy («Edebiýat»). 2. Tapyşmak. Ol öz söýgülisine gowuşýar («Görogly» eposy). GOWŞAK, 1. Berk däl, pugta bolmadyk, yranyp duran. Agaç gowşak dikilipdir. 2. göç. m. Dogumly däl, emelsiz, sölite, lellim. Şolaryň içinde iň gowşagy men bolamsoň, siziň eliňize düşdüm (A. Durdyew, saýlanan eserler). Aman poşynyň özi hem dört oglunyň içinde iň emelsizi, gowşagy Wepa diýip hasaplaýardy (A. Gowşudow, Mehri Wepa). 3. Ökde däl, güýçli däl, pes, az düşünjeli. Rus dilini gowşak bilmekligi ony kynçylykda goýdy (A. Gowşudow, Mähri Wepa). 4. Degerli däl, çala, ýuwaş,gorka. Zarply diýäýmeseň, ol-da ýaman däl Diýip,Orazly hem myssa ýylgyrmak bilen jogap gaýtardy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). 5. Gaty däl, ýumşak- Bu pökgi gowşak toplanypdyr. 6- Boş, çala. Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar (nakyl). 7. Pes depginli, ýaramaz, haýal. Neşriýatymyz has hem gowşak işleýär (G. Muhtarow, G.seytliýew. KÜMÜŞ gapyrjak). GOWŞAKLYK, 1.Berk dällik,pugta dällik. 2. Dogumsyzlyk, emelsyzlyk,lellemlik.emelsizlik. Aşyr özünde bir hilli gowşaklyk syzdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 3.Güýçli dällik, kuwwatly dällik,peslik, ýarawsyzlyk.Gyzgyny artyp bir hili gowşaklyk peýda boldy. GOWŞAMAK, 1. Berkligi peselmek, pugtalygy aýrylmak.Petlä urulan çüý gowşapdyr. 2. göç.m. Ýatyşmak, peselmek, köşeşmek, maýlamak.Güýçli el kem-kemden gowşady. Howa birneme gowşady. 3. Depgini peselmek, ýaramazlanmak. Işiň gidişiniň gowşamagyna ýol bermek bolmaz. GOWŞATMAK, 1. Berkligini öňkä garanda peseltmek. Sargyny birneme gowşat, bolmasa janymy aljak. 2. göç. m. Güýjüni, kuwwatyny peseltmek. Ikinji hem atmasyny gowşadan ýaly boldy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). 3. Depginini, tempini peseltmek, ýaramazlatmak. 4. Kuwwatdan düşürmek, güýjüni gaçyrmak. Kesel onuň saglygyny gowşadypdyr. GOWŞAŞMAK, 1. Ýuwaş-ýuwaşdan gowşap başlamak. Oturdylan. pürs gowşaşypdyr. 2. Az-owlak maýlamak, aýaz aýrylyşmak, ýatyşmak, peselişmek, köşeşmek. Göwnüňe bolmasa, howanyň awamasy hem gowşaşan ýalydy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). 3. Kuwwatdan düşüşmek, güýjüň gaçyşmak. Garrylyk zerarly bütinleý gowşaşmak. GOWŞURMAK, 2. tikinç. Ýerine eltip tikmek, birikdirip tikmek, sugşurmak. Ol köýneginiň ýanyny aşyrysy bilen gowşurdy. GOWŞUT, Iki ganat tärimiň birleşýän sepi. GOWY, Erbet däl, oňat, ýagşy, mazaly, eg. Gaty gowy, şol bolýar diýşip gygyryşdylar (A. Gowşdow, Powestler we hekaýalar). Maňa narzan wannasy örän gowy ýarady (N. Pomma, Sebäbints soň bildim). <> Gowy görmek eý görmek, söýmek, halamak. Men ony gowy görýärdim («Sowet edebiýaty» žurnaly). |