GOÝAG ,Elguşa berlen ýüňüň ýa-da tüýli hamyň gaýdyp agzyndan çykan görnüşi, gusugy. GOÝAZ ,Salykatly, akylly, goýry. Ol bir hili goýazly ýaly akylyna aýlanan adam ýaly görünýär (B. Kerbabaew. Yhlas myrat). GOÝAZYLNMAK, Salykatly bolmak, akyllanmak. Maýsa has goýazylynydyr(B.Kerbabaew, Aýgytly Ädim). GOÝALMAK, Suwy azalyp goýy bolmak, suwuklygy aýrylmak.Çernil ötsküsinden goýalypdyr. * Baly goýalypdyr ser. B a l. Kolhozyň bag-bakjalaryndaky baly goýaldy(A.Gowşudow, Mähri Wepa). GOÝALTMAK, Suwuny çekdirip,goýy hala öwürmek. Köp gaýnadyp goýaltmak. GOÝALYŞMAK, Suwy çekilişip, öňküsinden birneme goýalmak, goýy bolmak. Bulamak goýalyşyp başlapdyr. <> Akyly goýalyşmak ser. A k y l. Akyly goýalyşan adam. GOÝAŇ, med. Guragyry keseli, süňk agyry keseli, rewmatizm. |