SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÖG

GÖGEBAKAR [gö:gebakar], zool. Uzyn boýunly, göge seredýän guş.


GÖGEÝIN [gö:geýin], zool. Iňňesi bilen haýwanlary çakýan we onuň ganyny sorýan ullakan gök siňege meňzeş möjejik. Düýe çökmän, ol öň aýaklary bilen döşündäki gögeýini kowdy (X. Ysmaýylow, Powestler). Endamyn-dan gögeýin dişleýän mal ýaly, Görogly kakynjyrap dek duranok («Görogly» eposy).


GÖGELE [gö:gele], 1. Heniz gowy bişmedik, ala gök, çala bişen (iýmiş hakda).

2. göç. m. Agzyndan süýt ysy gitmedik, agzy sary (oglan). Gögele oglan.


GÖGERMEK [gö:germek], 1. Ýere taşlanan tohumyndan şine ýaryp, ýeriň ýüzüne çykmak, baldak çykarmak, tohum alyp ösüp başlamak. Ozal bu aňňatda ýekeje-de gögerip oturan çöp ýokdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Orta boýly bugdaýyň içinde egri oragy aýlap salýan orakçy, selçeň gögeren günebakar bilen sandaşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Tohum al-da, ýere bar, gögermese, maňa gel (nakyl).

2. Gök reňke öwrülmek, gök reňke meňzemek. Sowukdan ýaňa elleri gögeripdi.

3. Teniňe zarba düşüp, gan öýmek. Onuň gözüniň öňi gögeripdir.


GÖGERTMEK [gö:gertmek], 1. Tohum aldyrmak, düýp tutdurmak, ösdürmek. Bu erikleri biz ekdik, biz suw berdik, biz gögertdik.

2. Teniňe gaty zarba urup, gan öýdürmek. Çekiç degip, barmagymyň ujuny gögertdi.

3. gepl. d. Harydy degerli bahasyndan ýokary satmak. Sen halyňy gögerdip bildiň-le!


GÖGERÇIN [gö.terçin], Gögümtil çal reňkli meýdan kepderi. Sudaba gyz däldi-de, dag gögerçinidi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GÖGI [ge:gi], Düýe botlandan soň içinden aýrylýan taşlandy, bölek hapa et. Düýäniň gögi.


GÖGÜMTIL [gö:gumtil], Çala gök öwüsýän, gögräk. Gögümtil papagyny iki eli bilen kellesine geýdi-de, yzyna bakan ugrady (B. Pürliew, Ilkinji gün). Begenç gögümtil köýneginiň ýeňlerini çermäp, tirseginden beýläk geçiripdir (B. Kerbabaew, Aýsoltan).