GÖK [gö:k] I, 1. Asmanyň goýy reňkine, deňiz reňkine meňzeş reňk. Gök gowaça parahat deňiz ýaly öwüşgin berýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gök mawut. Gök mata. Gök deňiz. Gök asman. 2. Doly bişmedik, çig (ir-iýmiş hakda). Gök erik. Gök alma. Gök üzüm turşy bolýar. 3. Bakja ekini, ir-iýmiş, miwe. Indi garyp--daýhan gök ekmek gerek (Mollamurt, Saýlanan eserler). Şäheriň töwereginde gök köp ekilýär. <> Gök dalak etmek ser. D a l a k. Emma dodagyny dişläp, gök dalak etmek bilen ol çydady (B. Seýtäkow, Gyz salgydy). Gök daş bolmak ser. Daş I. Gök daş bolan Myrat bir ýan ýykyldy, Çala eşidildi ondan hyrkyldy (M. Seýidow, Gijeki myhman). GÖK [gö:k] II, Gözýetimdäki howa giňişligi, ýeriň ýüzünden görünýän atmosfera, asman. Gökde kir-kimir ýok. Gök aşagymyza öwrüläýdimike? (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Gögüň ýyldyzlary balkyldap durýar (A. S. Puşkin, Ertekiler). GÖK-AK [gö:k-a:k], Dürli miwe, ir-iýmiş, ak önümleri. GÖK-ALA [gö:k-a:la], Tende gan öýmek zerarly emele gelýän menekler, pers-ala. Mama onuň endamyny gök-ala edipdir, teninden temen çümdüripdir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Soltansöýün aýalynyň arkasyny barlap görse, hakykatdan-da gök-ala ekeni (Myraly). Kellämde bitin ýerim galmady, endamym gök-ala boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GÖKBOGMA [gö:kbogma], med. Köplenç ýaş çagalara degýän, dyngysyz üsgürdýän ýokanç kesel. Gökbogma bilen kesellän çagany sag çagalaryň arasyna eltmeli däl. GÖKGABARÇYK [gö:kga:barçyk], med. Aýaga, ele çykýan çiş. Onuň gökgabarçygy ýaryldy. GÖKGARGA [göžgarga], zool. Ýelegi gök garga. GÖKDAMAK [gö:kdamak] I, zool. Alkymy gök hažžyk, yssy wagtlarda çöplere çykýan hažžyk. < GÄKDAMAK [göždamak] II, bot. Haşal otuň bir görnüşi. GÖKLÜK [gö:klük], 1. Ýetişen dällik, çiglik. Ekinmizi göklügine orardyk, Eklenjiň yzynda görgi görerdik (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). 2. Gök reňlilik; gögerip oturan otluk. GÖKMÜRRI, Daşy, paçagy gek görnüşli gawunyň bir sorty. Gök biýaranyň içinde gökmürrüler düňdirilişip ýatyrlar (B. Kerbabaew, Aýsoltan). GÖKNAR [gö:kna:r], Tirýek şiresi alynýan ösüm we onuň gozasy, haş-haş. Göknar bilen niçiksiň? («Görogly » eposy). Göknar, kelem, günebakardan başga her ýyl iki kölçe temmäki ekilýärdi (N. W.Gogel Eserler). GÖKSUWLY [gö:ksuwly], Üzümiň bir sorty. Göksuwny iýjekmiň ýa gelinbarmagy?! GÖKTORLY [ge:ktorly], Daşy owadan torly, iri gawunyň bir sorty. Gök biýaralaryň içinde göktorlylar düňderilişip ýatyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Göktorly, waharman, tarlawuk gawun, yolaňda ýarylýar, tapmasaň tabyn (N. Pomma, Saýlanan eserler). GÖKHOKAR [gö:khokar], zool. Injigi, çüňki, boyny uzyn, gögümtil ganatly guş. Gökhokarlar suwuň gyrasynda durýardylar (I. S. Turgenew, Awçynyň hatlaryndan). |