SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IDE

IDI


IDEA'L, 1. Bir işiň, meýliň esasynda goýulýan düýp maksat, ahyrky maksat, ýetilmek islenýän arzuw.

2. Bir zadyň baryp ýatan nusgasy. Hindistan parahatçylyk we progres ideallaryna eýerip, dünýäniň ähli halklar elini  uzatdy    («Sowet    Türkmenistany»gazeti).


IDEALIZIRLEMEK, Hakyky bolşundan hem gowy, ideal edip görkezmek.


IDEALI'ZM, filos Hemme zadyň esasy materiýal bolmaň ruh, ideýadyr diýip hasaplaýaň materializme garşy bolan ýalan filosofiýa ugry. Materializm bilen idealizmiň arasynda elmydama göreş alnyp barlypdy (Sowet edebiýaty žurnaly).


IDEALI'ST, 1  filos. Idealizmiň tarapdary.

2. Hakyky durmuşy idealizirlemäge ymtylýan adam.


IDEALISTIK,  filos. Idealizme has bolan idealizme mahsus bolan.Bu meseleniň çözülişi bilen. baglylykda, iki ugur — materialistik we idealistik ugur tapawutlandyrylýar (S  N.Winogradow, A. F. KuzьmiňB. Dogika). Buržuaz edebiýatynyň idealistik dumana bukulýan bir wagtynda, biziň edebiýatymyz realistik däpleriň goraýjysy bolup durýar.   («Sowet   edebiýaty» . žurnaly).


IDEG [i:deg], 1 Birine ýa-da bir zada esewan bolmaklyk, birine, bir zada edilýän garaşyk, gözegçilik. Ýaslidäki çagalaryň idegi gowy.

2. Bir zadyň ugrunda edilýän alada. sorag, ünji. Biziň MTS-miz zapas şaýlra her ýyl mätäçlik çekip, ideg edip gelýär («Sowet Türkmenistany» gazeti) Näçe ideg etsem-de, Derek tapmadym senden (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

3. Birini tutmak ýa-da bir zady tapmak maksady bilen geçirilýän agtaryş, soraglama, gözleg. Gozgalaňçy basylyp gaçaly bäri, Artygyň idegi zordy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IDEGLEMEK [i:deglemek], Biri ýa-da bir zat barada soraşdyryp bilmek, gözleg etmek Aždar özüni ideglemäge gelen gyzyň burnuny çekýänini duýdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IDEGLI [i-degli], 1 Idegi bar bolan ideg edilýäň garaşyk, gözegçilik edilýän.

2. Ele salmak üçin yzyna düşülýäň agtarylýan; gözlegli, soragly. Onuň yzy ideglidi.


IDEGSIZ [i:degsiz], 1 Ideg, garaşyk edilmeýäň seredilmeýäň äňedilmeýäň idisiz. Men muny idegsiz galdyrmaryn.

2 Geňeşsiz, gözlegsiz, soragsyz.Idegsiz gelen düşeksiz oturar (nakyl).


IDEGSIZLIK [i:degsizlik], Garaşyk edilmezlik, indegsizlik. Ekinleriň idegsizligi hasyla zyýan berýär.


IDEG-SORAG [i:deg-so:rag], Birini ýa-da bir zady sorap agtaryş, gözleg, indeg.

 Pully nirelere baran bolsaň, şo taýdan ideg-sorag edip gör, nirelere bardyň? (A Durdyew, Saýlanan eserler).


IDEDIJI [i-dediji], Mal-gara we ş. m. wagtly-wagtynda ot-suw berip idedýäň seredýän adam. Ol bir näçe kemçilikleri doňuz idedijilere görkezdi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


IDEDILMEK [i-dedilmek], Birine ýa-da bir zada esewaň garaşyk, gözegçilik edilmek, eklenip-saklanylmak Ýaşuly özüniň häzirki idedilişindeň kiçi oglundan hoşaldygyny aýtdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Pýonerler ekinleriň idedilişini öwrenýärler («Mydam taýýar» gazeti). Mekgejöwen oňat ideelmegini talap edýän ekindir  (A.  Nasyrow, Türkmenistan SSR-niň kolhozlarynda mekgejöweni ösdürip idedirmegiň agrotehnikasy). Gowaça oňat idedilmegini talap edýän ekindir. Çaga ýaşka, näçe oňat ideilse, şonça-da sagdyn ösýär.


IDEDIŞMEK [i:dedişmek], Idetmäge kömekleşmek, ideg edaşmek, garaşyk edişmek.


IDEKLEMEK [i:deklemek], Öz yzyň bilen äkitmek, idip äkitmek.


IDELMEK [i:delmek], 1. Gözleg edilmek, agtarylmak, gözlenmek. Ýagşy zat ýitmese, gözläp idelmez, Mert ýanynda söweş tursa güýdelmez («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Ideg-sorag edilip durulmak, hal-ahwalyndan habar alnyp durulmak.


IDEMEK [i:demek], 1. Gözleg etmek, agtarmak, gözlemek. Gyrat diýp agtarsam dagy-düzleri, Bir ýylda gelmesek, idäň bizleri («Görogly» eposy).

2. Ideg-sorag etmek, habar tutmak, sorap durmak. <> Idäp görmek — işde, gepde-gürrüňde göwnüňe çiglik giden zady täzeden anygyna ýetmek üçin derňemek, barlamak. Aýdan sözleriniň yzyny idäp görseň, segsen protsenti çypdyrma bolup çykýar («Tokmak» žurnaly).


IDENEKLEMEK, Baş aýlanmak, büdremek we ş. m. zerarly entirekläp gitmek. Onuň başy aýlanyp, idenekläp gitdi.


IDENEKLETMEK, Itmek, güýç bilen çekmek we ş. m. zerarly entirekletmek; zor bilen itenekläp ýöretmek, südürlemek. Meni idenekledip, getirip zawodyň howlusyna dykdy («Toşak» žurnaly).


IDEOGRA'MMA, lingw. Bir düşünjäni aňladýan şertli ýazuw belgisi.


IDEO'L"OG, Jemgyýetçilik synpy, jemgyetçilik-syýasy gurluşyň, ugruň ideologiýasyny goraýaň ýöredýän adam. Kemine zähmetkeş halkyň, ekspluatirlenýän synpyň görnükli ideologydyr («Edebiýat»).


IDEOLOGIK, Ideologiýa degişli bolan ideologiýa has bolan. Partiýanyň ideologik esaslaryny gorap saklamak talap edilýärdi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


>

IDEOLOGIÝA, Garaýyşlaryň we ideýalaryň sistemasy, dünýägaraýyş. Halklaryň dostlugynyň marksistik-leninçilik ideologiýasy. eňip üstün çykdy («Sowet Türkmenistany» gazeti). Çeper edebiýat jemgyýetçilik ideologiýasynň bir görnüşidir. Bu kesgitlemede ideologiýanyň diňe bir tarapy berlip, sungaty ideologiýanyň beýleki formalaryndan tapawutlandyrýan zadyň üstünden geçilip gidilýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IDETMEK [i:detmek], 1. Ekläp-saklamak, terbiýeläp ösdürmek (adam barada); ot-iým berip bakmak, äňetmek (mal barada). Ol meni idetjek adam bolan bolup, meni öýüne alyp gitdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Oglum, sen daglarda aw at-da, geziber, hem malyňy idet («Görogly» eposy). Dokuz guty gurçuk idedip, plany bir ýüz bäş protsent berjaý etdik («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Haýwanlary idetmek aňsat düşmeýän bolara çemeli («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2 Sorag-ideg etdirmek, indetmek.


IDEŞMEK [i:deşmek], Gözleg edişmek, agtaryşmak, gözleşmek.


IDE'ÝA, 1 Adamyň aňynda maddy dünýäni (hakyky ýa-da galp) suratlandyrýan hem-de onuň özüni gurşaýan dünýä bolan garaýşyny aňladýan düşünje, pikir. Ol öz alyp barýan işiniň ölmejegine, Oktýabrь rewolýutsiýasynň beýik sotsial ideýasynyň bütin töwerekleýin parlajagyna ynanýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2 Bir zadyň mazmunyny kesgitleýän esasy pikir. Eseriň ideýa taýdan-da, çeperçilik taýdan-da şowly bolmagy döredilýän tipleriň gowy bolmagyna baglydyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Şahyryn döredijiliginde çeperçilik serişdeleri ideýany obrazly bermeklige hyzmat edýär («Edebiýat).


IDEÝALY, Ideýasy bar bolan, ideýasy güýçli, çuň mazmunly. Dünýäde iň ideýaly, iň öňde barýan sowet edebiýaty köpçüligi moral-syýasy taýdan terbiýelemegiň iň möhüm ýaragydyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IDEÝALYLYK, Ideýasy güýçlülik, çuň mazmunlylyk.Metbugat ýokary ideýalylygy bilen tapawutlanýar («Sowet Turkmenistany» gazeti). Onuň pozitsiýasy sungata partiýalylykdan ideýalylykdan ybarat bolup, yza galaklaryň garşysyna göreş alyp barýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).