SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IDE

IDI


IDI [i:di], ser. I d e g. Tohum atlar üçin bolsa aýratyn idi zerurdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


IDILI [i:dili], 1. Idisi bar bolan garaşyk edilýäň idegli.

2. Gowy, oňat, mazaly, ugurly, doly. Ol adam garrynyň sowalyna idili düşünmedik ýaly boldy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Çaşçy edilip oturylan gürrüňi idili aňşyrar-aňşyrmaz gürrüňe goşuldy (A. Gowşudow, Eserler). Şeýle-de bolsa, awtoryň pikirleriniň birini-de idili beýan edip bilmän takal okamak bilen çeklenendigine gynanýarsyň («Sowet Turkmenistany» gazeti). Şu biýografiýa gurpsuz, idili guralsyz, ýekebara türkmen daýhanynyň tipikleşdirilen obrazynyň biýografiýasydyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Idili etmezlik — pugta temmisini bermeklik. Kimiň uranyny biläýsem idili etmezdim. Meni hem idili etmez («Görogly» eposy).


IDILMEK [i:dilmek], Yzyň bilen çekilip ýöredilmek, yzyň bilen idip äkidilmek. Gyzly öýüň gapysyn-dan idilip gelen kellesini al-asmanda tutýan gök erkek töwereginde gaýmalaşýanlara, gyk-baklara otlukly gözlerini tegeläp, ýalt-ýult garady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IDIN [i:din], Rugsat, ygtyýar, jogap. Ozaldan dilleşikli. Dursun-da, Jamallaryň tamyna gitmäge ejesinden idin aldy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


IDINSIZ [i:dinsiz], Biygtyýar, rugsatsyz, jogapsyz, bidin. Kim menden idinsiz gürrüňe başlasa, agyr temmi bererin (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


IDIOMA, lingw. Şol bir dile mahsus bolup, terjime edilende, öňki manysyny ýitirýän söz düzümi.


IDIOMATIK, lingw. Idýoma we idýomatika degişli bolan ,idýoma has bolan. Idýomatik aňlatma. Idýomatik sözler ýygyndysy.


IDIOMATIKA, lingw. 1. Idýomalar hakyndaky taglymat.

2. Bir diliň idýomalarynyn jemi.


IDIRDETMEK, Ýeňsesinden güýç bilen itip ýöretmek, güýç bilen iteläp, ýöredip alyp gitmek, güýç bilen özüňe garşy çekmek. Hatda özüniň ýüregine dakylan üzülmez tary şol barmaklarynyň daşyna orap, özüni maşyna bakan idirdedip barýan ýaly duýuldy. (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ol galtagy idirdedip, eýýäm iki kwartaly geçdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Çerkez hem onuň bir ýanyndan ýapyşyp, ony çeträge idirdetdiler. Aşyry uzak sözlemäge goýmaň idirdedip ugradylar. Onuň her bir gymyldysy, göýä diýersiň dartyjy bir magnit ýaly, Aýnany özüne çekip, idirdedip barýana döndi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IDISIZ [i:disiz], 1. ser. Idegsiz. 2. Idili däl, oňat däl.


IDISIZLIK [i:disizlik], 1. ser Idegsizlik. 2. Idili dällik, oňat dällik.