SÖZLÜG ; J- HARPY;
JAB

JABJYNDYRMAK, 1.Gaharly üýrdürmek .(it hakda).

2. göç. m. Gaharly azgyrtmak, ajysyny  pürkdürmek, ýüzüňi aldyrtmak.


JABJYNMAK, 1. Gaharly üýrmek (it hakda). Çagalar: — Güjük näme jabjynýarka? — diýişip, gülüşýärdiler («Tokmak» žurnaly). Olary gören itler özlerini öldire getirip jabjyndylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. göç. m. Gaharly azgyrylmak, birine ajyňy pürkmek, biriniň ýüzüni almak. Men olaryň ýüzüne jabjynmankam, kakam olara: — Hojam, şu mesele üçin şundan soň bäriňi garap hem bakma! — diýip kowdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


JABJYNYŞMAK, 1. Bilelikde, ýerli-ýrden jabjynmak, bir näçe bolup jabjynmak (it hakda). Itler ýokarky hatardan jabjynyşyp başladylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Biri-biriňe azgyrylyşmak, ajyňy pürküşmek. Galmagal edip jabjynyşmak. Nähak zat üçin jabjynyşnak.