SÖZLÜG ; J- HARPY;
JAK

JAKGYLDAMAK, 1. Çasly ses bilen saýramak, jakgyldyly ses çykarmak, jak-jak etmek (guş, towuk hak-da). Bilbiliň jakgyldysy-da eşidilýärdi (B  Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Jak-jak edip gülmek,hahaýlamak. Aýsoltan jakgyldap. gülenini hem duýman galdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ol jakgyldap arkan-ýüzin gaýşarýardy (B. Seýtäkow, Doganlar).


JAKGYLDAŞMAK, 1. Bilelikde çasly ses bilen saýramak, köp bolup jakgyldyly seslenmek (guş, towuk we ş. m. hakda).

2. göç. m. Bilelikde jak-jak edip gülmek, hahahaýlaşmak. Olar jakgyldaşyp gülüşdier (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


JAKGYLDY, 1. Käbir guşlaryň çykarýan sesi, saýraýşy. Guşlaryň jakgyldysy.

2. göç. m. Şonuň ýaly ses bilen çykýan gülki, jak-jak edip çykýan ses. Şatlaşyp oturan oglanlaryň jakgyldysy uzakdan eşidilýärdi.


JAK-JAK: j a k-j a k etmek — ser. J a k g y l d a m a k. Gelinler ümleşip, gülüşýär jak-jak (K. Gurbannepesow, Goşgular we poemalar). Bagda guşlar jak.-jak edip saýraýardy.