SÖZLÜG ; J- HARPY;
JEB

JEBIR, Azap, jepa, görgi, zulum, sütem, horluk. Millionlarça zähmetkeşler horlukdan, gedaýlykdan, jebirden we açlykdan halas edildi («Türkmenistan kommunisti» žurnaly). Meniň şu alty aýda çeken jebrim dagyň depesinden inse, belki, ýykylardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


JEBIR-JEPA [jebir-jepa:], ser. J e b i r. Ol köp jebir-jepalary başyndan geçirdi (G. Gurbansähedow, Suraý).


JEBIRLI, Azaply, jepasy köp bolan, zulumly, sütemli, horlukly. Jebirli ýagdaý. Jebirli iş. Jebirli durmuş.


JEBIR-SÜTEM, ser J e b i r-j e p a. Daýhanlar jsebir-süteme sezewar edilýärdiler (SSSR taryhy).


JEBIS, 1. Berk, pugta. Turup köwşüni geýip, daşaryk çykdy, dolanyp gapyny jebis ýapdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Fizika ylmy başga ylymlar bilen jebis baglanyşyklydyr («Mydam taýýar» gazeti).

2. Laýyk, mynasyp, barabar. Pökgen aganyň raýona baran-da edýän gürrüňleri bilen bu ýerde edýän gürrüňleri jebis gelmeýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


JEBISLEMEK, 1. Biri-birine degrip, pugta birleşdirmek, jebis getirmek, jebis etmek, laýyk getirmek. Zynjyry ýerine jebisledi-de, ony berkitmäge başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. göç. m Agzybirlik gazanyp birleşdirmek. Halk köpçüligini jebislemek.


JEBISLENMEK, 1. Biri-birine degrilip, pugta birleşdirilmek.

2. göç. m. Agzybirlik gazanylyp birleşdirilmek. Gazak, türkmen, täjik, rus balasy Dogan bolup jebislendik daşyňa (A Kowusow. Goşgular we poemalar).


JEBISLEŞIKLI, Guramaçylykly, agzybir, ysnyşykly. Esgerler jebisleişkli stroýda söweşe çykypdyrlar (Gadymy dünýä taryhy).


JEBISLEŞMEK, 1. Jebis bolmak, berk gysylmak, laýyk bolmak.


JEBISLIK, 1.Jebis bolmaklyk, jebis gelijilik.

2. Agzybirlikli birleşik, pugta, berk birlik, ysnyşyklyk.