JEN |
||
JENAN [
JENAP [
JENAÝAT [
JENAÝATKÄR [jena:ýatker], ser. Jenaýatçy Sen hem ozal jenaýatkär bolup gördüňmi? (A. Gowşudow, Eserler). JENAÝATKÄRLIK [jena-ýatkärlpk], ser. J e n a ý a t ç y l y k. JENAÝATLY [jena:ýatly], Jenaýaty bar bolan, günäli, etmişli. Gurt şu jenaýatly kärlerden halys berç bolan bolmaga çemeli (A. Gowşudow, MähriWepa). JENAÝATÇY [jena:ýatçy], Jenaýat eden, jenaýatly iş eden adam, günäkär, jenaýatkär. Jenaýatçylary hem gula öwrüpdirler (Gadymy dünýä taryhy). Olar sud öňündäki jenaýatçy ýaly, ak tam bolup durdular (G. Mlyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Ondan jenaýatçylara degişli jeza bermegini haýyş etdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). JENAÝATÇYLYK [jena.ýatçylyk], Jenaýat işi, günäkärçilik, jenaýatkärlik. JENJEL, 1. Galmagally, dawa, gykylykly, jedel.Olaryň öz aralarynda bor-bolmaz jenjeller hem çykýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Heniz agy-garany selňerşip bilmeýän bu neresse çagajyk öýüň içinde jenjel başlanan mahaly ejesiniň aýagyndan ýapyşyp gör näçe gezekler bagyryp aglapdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Gykylyk, galmagally ses, gopgun. Çagalaryň jenjeli. JENJELKEŞ, ser Jenjelçi. JENJELLEŞMEK, Biri bilen jenjel etmek, dawalaşmak, käýişmek, gygyryşmak.Häzir jenjelleşip oturmaga wagt ýok.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Aman aga onuň bilen jenjelleşip durmany uslyp bilmedi (B. Seýtäkow, Doganlar). JENNET, 1. dini. Dini-mistiki düşünjä görä: hamala şerigatyň kada-kanunlaryny berjaý edip ölen. namazhon adamlaryň ruhy ýaşaýan ýeri, behişt. Kakasy jennetiň ak guşudyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. göç. m. Sapaly, eşretli, oňat ýer, jaý. Azat bir durmuşda şol azat zähmet ýer ýüzünde döredipdir jenneti (B. Kerbabaew, Aýlar). Seniň daglaň, seniň baglaň, seň çölleň, Diýsem, meniň üçin hakyky jennet (N. Pomma, Saýlanan eserler) Ýagşyny görmek hem jennet (nakyl). |