SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LOW

LOG

LOD

LOK

LOM

LOŇ

LOP

LOR

LOT


LOGALA, Düýä berilýän hamyr, tokga-tokga togalanan iým. Kakasy her düýäniň agzyna ep-esli logala tutdurdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LOGARI’FM, mat. Şol bir sany almak üçin esas diýilýän sanyň göterilmeli derejesini görkeziji, Logarifmler tablitsasy.


LOGARIFMIK, mat. Logarifme degişli bolan, logarifme esaslanýan. Logarifmik lineýka. Logarifmik hasaplamalar.


LOGIKA, Pikirlenmek kanuny we onuň formasy hakyndaky ylym. Ine, durmuşyň dogry logikasy. Munuň özi olaryň öz ösüşiniň içerki logikasynyň bardygy üçin şeýle bolýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Logika pikirleri dogry guramagyň kanunlary we formalary hakyndaky ylymdyr (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).


LOGIKI, Logika degişli bolan, logika has bolan. Bu setirlerde, birinjiden-ä, hereketiň logiki gidişi taýyndan nädogrulyk bar («Sowet edebiýaty» žurnaly).