LOK | ||
LOKA’UT, syýasy. Buržuaziýanyň işçiler synpyna garşy göreş hökmünde kärhanalary ýapyp, işçilerk köpçülikleýin işden boşatmaklygy . LOKAUTÇY, Lokaut yglan edýän kapitalist. LOKGA, Bir tutuş bölek, tokga, togalak, topbak . Ullakan kellesi iki egniniň üstüne boýunsyz berkidilen ýaly lokga adamdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). LOKGALAMAK, Lokga-lokga etmek, bölek-bölek etmek, tokga-tokga etmek, tokgalamak Hamyry lokgalamak. LOKGALANMAK, Lokga edilmek, lokga-lokga bolmak, lokga tutmak, topbaklanmak, tokgalanmak. Ýüzüni aşak salyp duran Aşyryň lokgalanyp üýşürilen at tezegi gözüne ildi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). LOKGALATMAK, Lokga-lokga etdirmek, bölek-bölek etdirmek, topbaklatmak, tokgalatmak. Düýe bermek üçin logala lokgalatmak. LOKGALAŞMAK, Lokga-lokga edişmek, lokgalamaga kömekleşmek, tokgalaşmak. LOKGA-LOKGA, Tokga tutan, topbak-topbak, tokga—tokga . LOKGULDAMAK, Lok-lok edip gülmek, ýogyn ses bilen gülmek. Wala lokguldap güldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Başlygyň özi hem lokguldap güldi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).
LOKGULDAŞMAK, Lok-lok edişip gülmek, bilelikde lok-lok edip gülüşmek. Oturanlar lokguldaşyp, gülüşdiler. LOKGULDY, Lokguldap gülnende çykýan ses, sesli gülki. Öýdäkileriň lokguldylary eişdilýärdi. LOK-LOK: lok-lok e t m e k — lokguldap gülmek.Ýogyn ses bilen gülmek. Geldi şuňa begenip, lok-lok edip güldi. (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Arman saçyň irräk çalarypdyr-a! — diýip, aýalyna degdi-de, lok-lok edip gülüp, bizi bassyrmanyň bir çetinde duran lek-leki ýaly çarhyň ýanyna alyp bardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly). LOKOMOTI’W, Relьsiň üstünde hereket edýän we demir ýol wagonlaryny çekýän maşyn (parowoz, teplowoz we ş.m). LOKURDAMAK, Lokur-lokur edip ses çykarmak, lokurdyly ses etmek. Sorulýan suw çilim lokurdap ses edýärdi. LOKURDATMAK, Lokur-lokur etdirmek, özüne sorup, lokurdyly ses çykarmak (suwly çilim hakda). Ullakan çilim elden-ele geçýär, her kim öz gezeginde lokurdadyp sorýar. Garry üç-dört sapar lokurdadyp, çilimini ýelpedi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). LOKURDY, Gapdaky suwuklyk sorulanda we ş. m. çykýan ýogyn ses. |