NÄÇE, 1. Haýsy mukdarda, nähili mukdarda. Meniň aýalym näçe zähmet gazandyka? (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). 2. Neneň, köp, nähili, nätüýsli. Gowaça şeýle bir ösümlik, şeýle bir ekin, muny näçe taryplasaň, ýene az (B. Kerbabaew, Aýsoltan).
NÄÇENJI,Tertibi, sany boýunça haýsy ýerdedigini aňladýan tertip san. Sen näçenji klasda okaýarsyň?
NÄŞAT, [näşa:t], Tukat görnüşli, şat däl, keýpsiz. Hem garaňky, hem-de tukat, Otyrsyňyz beýle näşat (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). NÄŞATLYK, [näşa:tlyk], Tukat görnüşlilik, şat dällik, keýpsizlik. |