SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NÄB

NÄW

NÄG

NÄD

NÄZ

NÄK

NÄL

NÄM

NÄR

NÄT

NÄU

NÄH

NÄÇ


NÄLAÝYK, [näla:ýyk], Laýyk däl, mynasyp däl, deň gelmeýän,  mynasyp bolmadyk,  ýaraşyksyz.


NÄLAÝYKLYK [näla:ýyklyk], Laýyk dällik, mynasyp dällik, deň gelmezlik,  mynasyp  bolmazlyk, ýaraşyksyzlyk. Garaýyşlaryň nälaýyklygy.


NÄLER,  1. «Nämeler» sözüniň gysgalan formasy. Siziň ilde näler bar?

2. Şunça köp, öwran-öwran. Men oňa: — Edýäniň bolanok! — diýip näler aýtdym, emma ol maňa gulak asmady.

3. Örän, zerur. Bize bolsa agaç ussasy näler gerek! (H. Ysmaýylow, Powestler). Wah, enäniň öz ogluny näler bagryna basasy gelýärdi  («Mydam taýýar» gazeti).


NÄLET,1. ýüzügaralyk, ysnat, ýigrenç, «lagnat» sözüniň fonetik taýdan üýtgän formasy. Deň-duşudan birjik gaýra oturma,  Çalaran başyma nälet getirme (Çary Aşyr,  Poemalar).

Gep gezdirýäniň atsyna nälet! (Myraly).

2. Gargyş, sögünç. Geplenýär köp dilde,  gepleýär millet,  Agressiw güýçlere ýagdyryp nälet  («Oktýabrь ýalkymy»).


NÄLETI, Nälet getirýän, ysnaty, ýigrenji.


NÄLETKERDE, Nälet getirýän, ysnat getirýän. Näletkerde ogul ata-enesins hemişe nälet getirer (Gowşudow, Mähri—Wepa).


NÄLETLEMEK, Nälet aýtmak, gargyş etmek. gargamak. Zelili watansöýüjilik duýgusyna    ýugrulan ýakymly goşgularynda  talaňçylary näletläpdir. (Sowet edebiýaty» žurnaly).

Aýal-gyzlar azatlygyna garşy bolup, zyýan ýetiriji adamlary näletleýärledr. (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


NÄLETLENMEK,   Nälet aýdylmak, gargyş edilmek,  gargalmak. Onuň näletlän pis häsiýetleri bolsa häzir hem köne jemgyýetiň zyýanly galyndysy hökmün-de näletlenýän häsiýetlerdir    («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NÄLETLI, Nälet getiren, ysnatly,ýygrençli. Geçmişiň näletli galyndylary bolsa uzak ýaşaýarlar, olary egin-eşige siňen tozan ýaly çotga bilen aýyryp bolmaýar, olaryň garşysyna gündelik ýiti we güýçli göreş alyp barmak zerurdyr. («Ýaş kommunist» gazeti).