SÖZLÜG ,, O- HARPY;

ODA

ODE

ODU


ODA, edeb. Bir taryhy waka ýa-da şahs hakda ýazylan dabaraly şygyr, wasp ediş eseri. Gimnaziýaçylar Puşkiniň «Erkinlik» diýen odasyny, K. Ryleewiň şygyrlaryny ýatdan öwrenýärdiler (N. W. Gogolь, Eserler). Halk şahyry Körmollanyň «Balşewik» atly odasy sowet edebiýatynyň birinji döwrüniň başyndaky görnükli eserlýerden biridir («Häzirki zaman edebiýaty»).


ODA-KÖZE [o:da-kö:ze]: oda-köze duşmek — bir zadyň ugrunda howsalaly ýagdaýda bolmak, çaltlykda eliňden gelen çäreleri görmek. Her kim onuň göwnünden turjak bolup, oda-köze düşýärdi (G. Kulyew, Köpetdagyň anyrsynda). Mama oda-köze düşse-de, Meret sesini çykarman, samanküýmäň gapdalynda ýaplandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ODANMAK [o:danmak], Bir zada gaty gynanmak, ýanmak, bişmek, heläk bolmak. Emma Mämiýewiň sözleri Garlynyň gahar bilen odanýan ýüregini sowadyp bilmedi (N. Jumaew, Ak derek).