SÖZLÜG ,, O- HARPY;

ODA

ODE

ODU


ODUKDYRMAK, [o:dukdyrmak], Öňküden-de beter hyjuwny  artdyrmak, gazabyny  artdyrmak, öjükdirmek. Akmaýanyň ýersiz-ýýere şumjarany hoşuna gelmedik atabaý ony bilgeşländen has hem odukdyrdy. Tamara ony odukdyrmak maksady bilek däl-de, oňa diňletmek, düşündirmek niýeti   bilen assyrynja  söze başlady. (Sowet edebiýaty» žurnaly). Şol gürrüňler Aýnany büs-bütin odukdyrdy. Belki, sen ony odukdyryp ýörmän toýňyzy biraz tizleşdirersiňiz (B Kerbabaew,Aýgytly ädym).


ODUKMAK [o:dukmak], Gahar-gazaby has hem artmak, ot alan ýaly bolmak, öjükmek.


ODUN [o:dun], Ýanmak üçin ulanylýan agaç, sazak we ş. m. ýangyç. Odun getirmek, sygra sýeretmek, haly dokamak ýaly işler bilen bile ösüpdi we kemala gelipdi. (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Onuň bilen oglanlykda mal bakypdy, odun çekipdi (G. Kulyew, Köpetdagyi aňyrsynda). Gyş gününiň höziri — oduny gury gerek (nakyl). Oduny ýygana ýakdyr, maly gazanana bakdyr (nakyl).

<> Ýüpüniň üstünde odun goýup bolmazlyk — ser. Ý ü p. Onuň ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaz (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ODUNLYK [o:dunlyk], 1. Odun üçin, ýakmak üçin ýaramly bolan. Köpetdagdaky arça tokaýlary odunlyk üçin kesilip azaldylypdyr («Mydam taýýar» gazeti). 2. Odunyň bol ýeri, sazak-çerkeziň gögerip oturan ýeri.


ODUN-ÇÖP [o:dun-çöp], ser. O d u n. Odun-çöpüne çenli Ejegül getirýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ODUNÇY [o:dunçy], Odun taýýarlamak işi bilen meşgul bolýan adam. Ýetim gözi çemçede, odunçynky — omçada (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ODUR-BUDUR, Aňry-bäri, ojuk-bujuk, ownuk-uşak Özi bilen getiren odur-budurlaryny hem alman, hasyr--husur eşegine mündi-de, oba garşy eňäýdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol odur-budur işe biraz güýmenip, eýwana çykanda, Jamal hem aňyrdan geldi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).