SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OSA

OSE

OSI

OSL

OSM

OST


OSMAK, 1. Şeýledir öýtmek, şeýledir diýip hasap etmek, meňzetmek, deňemek. Hemme adamy özüňe osmazlar (B. Pürliew, Ilkinji gün).

2. Bir zady gümän etmek, çak etmek, garaşmak.Olar senden beýle zady osmandan soň äm-säm bolup durarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OSMAKLAMAK, Bir zady bilmediksirän birine habar gatmak, birinden bir zat soramak.


OSMAKLATMAK, Bir zady bilmediksirän bolup soraşmak. Wepa bu syry osmakladyp bilmekçi bolup ahyry okuwyň iň soňky güni aňlady (A. Gowşudow. Eserler).