OWMAK, 1. Bir zady eliň bilen owkalap mynjyratmak, kül etmek. Gumy owup görýär hem-de ysgaýar («Sowet edebiýaty» Žurnaly). 2. Bir zady owkalap ezmek. Gurt owup taýýarlan gatygyny gatyp, naharlaryny berdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Selmämi owup. öýüme girdim (A, Durdyew, Saýlanan eserler).
OWMAÇ, Dogralan gyzgyn çöregi ýagda owup taýýarlanylýan iýmit.
OWMAÇLAMAK, Owmaç ýaly edip owmak, mum-helim etmek, mynjyratmak. |