OWRAM- 1) kül-owram bolmak çym pytrak bolmak, owram-owram bolmak, halys owranyp gitmek. Ümmülmez ýogyn agaçlar gara ört bolup küle dönüpdyr, kül-oweram bolup pytrrapdyr. (A. Gowşudow, Eserler). 2). k ü l-o w r a m e t m e k çym pytrak etmek, owram owram etmek, owratmak.
OWRAM-OWRAM, Kül-maýda, kül-peýekun, kül uşak. Elindäki sigaretini basyp, owram-owram etdi («Mydam taýýar» gazeti).
OWRANMAK, Maýda-maýda bolmak, ownuk böleklýere bölünmek, owram-owram bolup gitmek, owuntyklara bölünmek. Anha, biriniň çym pytrak owranan Sag goluny omurdandan kesdiler. (B. Kerbabaew, Aýlar).
OWRATMAK. 1- Maýda-maýda etmek, ownuk böleklýere bölmek, owram-owram etmek. Ol çaklaňrak bir köpriniň aşagyndaky tsementleri owratdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Döwüp böleklýere bölmek, aýyrmak. Wüşi kel peçe sazak owradyp salmakda Hoşgelde kömek bermäge başlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginds). 3. göç. m. Dyr-pytrak etmek, derbi-dagyn etmek, dagytmak. Duşmany owradyp, läşni sýerer, Gazap edip salsaň, dagy hem ýarar (N. Pomma, Sanlanan eserler). |