SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖLD

ÖLE

ÖLJ

ÖLI

ÖLL

ÖLM

ÖLS

ÖLÜ

ÖLÇ

ÖLŞ


ÖL [ö:l],  1. Gury däl, yzgarly, nemli, çyg. Maşyn  geler weli, öl ýa-da gury diýmän ot ýygnaberiň( N. Pomma , Taýlak hyzzyn).

Öl tezek, gury tezek, özüňe-de geler gezek (sanawaç). 2. göç. m. Iýmit, nahar. Ýüzüň--gözüň bir yşarat, içiňden öl geçýäne meňzeş däl («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖLDÜRILMEK, Ýaşaýyşdan  mahrum edilmek, ýok edilmek, ölüme sezewar edilmek. Özi ölendigini öldürilendigini hem bilmek bolýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Daşarda bolsa söwüş öldürilýärdi, gazanlar atarylýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ÖLDÜRMEK, 1. Ýaşaýyşdan mahrum etmek, zewar etmek. Ol syçanjygy tutup, öldürjek («Turkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Meni ýenç, isle öldür, ýöne azar berme! («Sowet edebiýaty»žurnaly). 2. göç. m. Horlamak. Meni garaşdyryp, halys öldürdiň.


ÖLDÜRTMEK, Ýaşaýyşdan mahrum etdirmek, ýok etdirmek, ölüme sezewar etdirmek. Her ýetene baýtal berip ony öldürdip bolmaz (B.  Kerbabaew,  Aýgytly ädim).