SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖLD

ÖLE

ÖLJ

ÖLI

ÖLL

ÖLM

ÖLS

ÖLÜ

ÖLÇ

ÖLŞ


ÖLEMEN, 1. Bir işi etmäge ýa-da bir zady almaga örän höwesjeň bolan, döwtalap. 2. Baryp ýatan, çendena-şa, örän. Ol kolhozyň agaç ussaçylygyny ederdi, özi hem ölemen awçydy (H. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly). Men Mawry ölemen ýigrensem-de, Emma ol ajaýyp sap ýürek adam (Şekspir, Otello).


ÖLEŇ I, Gidip ýatan otluk, çemenlik ýer. Niliň kenaryndaky öleňlerde mal bakýardylar (Gadymy dunýä taryhy).


ÖLEŇ II, dial. Gyz çykarylanda aýdylýan dört setirli goşgy.

Haý-haý öleň, haý öleň, Haýdyr bu gün ýar-ýar;

Agy-gyzyl reňbe-reň, Toýdur bu gün ýar-ýar («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


ÖLEŇLIK, Otluk, çemenlik ýerler. Bahasy iki şaýy bolan agsajyk garga öleňlikde otlap ýören, bahasy iki ýüz gyran bolan äpet bir gäwmişi heý tutup bilermi? («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ikimiz galanyň gaýraky derwezesinden çykyp, selmelik, syrkynlyk, äleňlik jeňňellige urup gitdik (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).