ÖNÜM [ö:nüm], Öndürilýän zatlaryň jemi ýa-da önümçilikde öndürilýän zatlaryň bir görnüşi. Dokmaçylar bir million manatlyk önüm bermegi borç edindiler («Sowet Türkmenistany» gazeti).
ÖNÜMLILIK [e:nümlilik], Köp önüm önmeklik, önüm artmaklyk.SSSR-de hojalyk önümçiliginiň önümliligi we onuň harytlylygy ýyl-ýyldan artýar («Turkmenistan kommunisti» žurnaly).
ÖNÜMÇILIK [ö:nümçilik], 1. Senagatyň, oba hojalyhyň önum öndürilýän pudagy. Senagatyň önumçilik- tehniki bazasy ýene has kuwwatlandy («Türkmenistan ýammunisti» žurnaly). 2. Önüm öndürmeklik işi, önüm işläp çykarmaklyk. Partiýa bizi önümçilige çagyrýar («Bahar»). Harp ýygyjylar we linotipistler önümçilik normalaryny artykmajy bilen ýerine ýetirip başladylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).
ÖNÜP-ÖSMEK [ö:nup-ösmek], Dünýä inmek, döremek, dogulmak we ýaşamak. Seýdi Amyderýa boýlarynda önüp- ösüpdir («Edebiýat»).Bularyň üçüsi-de şu obada önüp-ösen, oglanlykdan bile gezen deň-duşlardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).
|