SÖZLÜG ; Ý- HARPY;
ÝIT

ÝIT, Iti kowmak üçin aýdylýan söz. Artygyň tirsegine galyp, «ýit» diýip gygyranyna-da gulak asmady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝITGI, 1. Ýitirilen zat, yrýa, isrip, zaýa. Hasyl ýygnalanda, ýitgilere ýol berilmeli däldir.

2. Ýitip gidep, azaşyp başga ýere düşen (adam, mal, zat we ş. m.). «Ýitgimiz gelýär» diýşip, seni hormatlamak üçin nahar taýýarlamaga güýmenerler («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. göç. m. Ölüm, ýitim. Iňlis goşunlary agyr ýitge duçar edildi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝITGISIZ, 1. Zaýa etmän, isrip etmän, zaýasyz, yrýasyz. Kolhozçylar pagta hasylyny döwlete ýitgisiz tabşyrmak üçin köp tagalla etdiler («Sowet Türkmenistanyň gazeti).

2. göç. m. Ölüm-ýitimsiz. Söweşden ýitgisiz dolanyp gelmek.


ÝITELDILMEK, Çalnyp ýiti edilmek, kesgir, ötgür edilmek.


ÝITELMEK, 1. Çalnyp ýiti bolmak, kesgir bolmak, ötgür bolmak. Päki gaty ýitelipdir.

2. göç m. Dünýä-garaýşy artmak, düşünjesi, pähimi giňelmek. Çary öňküsinden ýitelipdir.


ÝITELTMEK, Çalyp ýiti etmek, çalyp kesgir etmek, çalyp ötgür etmek. Bu pyçagy ýiteltmeseň, mal soýup bolmaz. Bu pyçagy oňat ýiteldipsiň.


ÝITI,  1. Kütek däl, kesgir,  ötgür. Şu gürrüňleriň içinde hem ýyldam at, ýiti gylyç, ötgür pyçak suratlandyrylýar (A. Gowşudow, Eserler). Tagtalary ýylmaýardy  Ussanyň   ýiti   rendesi    («Pioner»    žurnaly).

2. Ýakyp barýan, güýçli täsir edýän, gyzgyn. Günün, ýiti şöhlesi onuň gapyrgalary sanabermeli arryk endamyny ýalpyldatdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gun özüniň ýiti şöhlesini seçýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

3. Ýaldyrap duran, has güýçli yşyk berýän, içiňden geçip barýan. Asmanyň ýiti ýyldyzlary kem--kemden ölügsilenip, gündogardan göterilen daň şapagy dünýä ýüzüne çalymtyk çäkmen bolup çaýyldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

4. Güýçli depgin bilen alnyp barylýan, güýçli, gyzgalaňly.

5. Örän zehinli, akyllylygy bilen tapawutlanýan, düşbi, dykgatly. Şunuň zehininiň kütekdigini, ýitidigini, akyllydygyny, akmakdygyny bileýin («Görogly» eposy). Päk niýeti, ýiti zehini bardy, Mydam harby işe gyzyklanýardy (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik).

6. Örän güýçli täsir edýän, ötýän, ötgür. Ene begenip ýanyna bardy-da, onuň ullakan gara elini gysdy we gara ýagyň ýiti ysyny demine çekdi (M. Gorьkiý, Ene).

7. Gowy görýän, göreji güýçli, görgür. Soň Jeren algyr ýiti gözüni doganyna dikdi-de-

 — Şeýlemi, Durdymyrat? — diýdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Seniň gözüň hem meniňkiden ýiti däldir (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

<> Ý i t i  gözli — geljegi öňünden bilýän, duýgur, hüşgär. Ýoldaşlar! Halkara ýagdaýynyň agyrlaşmagy biziň ýiti gözli bolmagymyzy talap edýär (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

Ý i t i  seretmek — siňe seretmek, dikanlap seretmek. Maňa ýiti seredip, Bir zat diýýärler gülşüp (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

Ýiti söz— ser Söz. Dürtüldi ýüregne bu ýiti sözler, Maňlaýna der geldi, alardy gözler (Sowet edebiýaty» žurnaly)


ÝITIGÖZLÜLIK, Hüşgärlik, eserdeňlik, duýgurlyk. Ýurdumyzyň zähmetkeşleri biziň beýik Watanymyzyň döwlet bähbitlerini ýitigözlülik bilen goraýan güýçlerimize gyzgyn söýgi bildirýärler («Sowet Turkmenistany» gazeti). Gogolь natural pomeşik hojalygynyň krizisiniň we zyýanlylygynyň sebäplerini ýitigözlülik bilen gördi (N. W. Gogolь, Eserler).


ÝITIGSI, 1. Juda kiçi, zordan görünýän, çala mälim bolýan, ujypsyz. Gündiz çyra bilen agtarsaň-da tapyp bolmajak ýitigsi ýodady (A. Gowşudow, Eserler). Taryhy temany işleýän eserlerde geçmişiň ýoýulmagyna, onuň erbet taraplarynyň ýitigsi görkezilmegine ýol bermek bolmaz («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Çala ýanýan, pessejik ýanýan, şöhlesiz, öçügsi. Ol otjagaz gaty daşda görünýän ýitigsi çyra meňzeýärdi (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ÝITIGSILENMEK, Barha ýitip barmak, barha ujypsyzlanmak, gitdigiçe azalmak, gitdigiçe öçügsi bolup görünmek. Asmanyň ýüzi agarýardy, kölegeler ýitigsilenýärdi, ýapraklar güne garaşyp titreşýärdi (M Gorьkiý, Ene).


ÝITIK, Ýitirilen, azaşan. Emma Meret garyndaşlaryny hem ýygnaman, hiç kime sala salman: — Ýitigiňizi başga ýerden gözläň! — diýip, yzlaryna gaýtarypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝITILENMEK, 1. Çalnyp ýiti edilmek, kesgir bolmak. ötgür edilmek. Pyçak birneme ýitilenipdir.

2. göç. M. Dünýägaraýşy, düşünjesi giňelmek, artmak. Onuň ünsi ýitilendi (M. Gorьkiý, Ene). Täçli öňküsinden birneme ýitilenipdir.


ÝIGILEŞMEK, Dartgynlygy artmak, dartgynlygy güýjelmek, has çylşyrymly bolmak. Harby ýagdaýlaryň ýitileşmegi mehanikanyň çalt ösmegine köp täsir edýär («Mydam taýýar» gazeti).


ÝITILIK, 1 Kütek dällik, kesgirlik, ötgürlik. Bu päkiniň ýitiligi edil ýalaw ýaly. 2. Gyzgyn howurlylyk, howry güýçlülik, ýakyp baryjylyk. Günüň howrunyň ýitiligi zerarly pazillaryň ýüzi solupdyr. 3. Has güýçli yşyk berijilik, has ýiti yşyklylyk. Çyranyň ýitiligi  gözleriňi gamaşdyrýardy. 4. Düşünjesi artyklyk, düşbülik, zehinlilik, dykgatlylyk. Pokgeniň daş  görnüşine seredeňde, beýle  bir  ýitilik  çykmajak ýaly görünýär, emma ol gaty ýiti ýatkeşdi (A.Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 5.  Güýçli täsir edijlik, ötgürlik (tagam, ys we ş. m. hakda). 6. Dartgynlylyk, dartgynlygyň çylşyrymlylygy.


ÝITIRIM:   1)  ýitirim    bolmak — gürüm-jürüm bolmak, zym uçan ýaly ýitip gitmek,   güm bolmak ýok bolup gitmek. Ýa men hem Aşyr ýaly şolaryň elinden ýitirim bolaryn, ýa-da olaryň aşyna   zäher   gataryn! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onda ol eýýäm nirä ýitirim bolduka? («Sowet edebiýaty» žurnaly). Hany bu Myrat nire ýitirim boldy? — diýip, Garly   sorady. (A. Gowşudow, Powestler we   hekaýalar).

2. ý i t i r i m etmek — gürüm-jürum etmek, güm etmek, ýok etmek. Onuň üçin hem olar Zöhräni özleriniň bähbitlerini goraýan Garaçomaga bermegi, Tahyry bolsa ýitirim ýurtdan   çykarmagy makul  hasaplaýarlar   («Edebiýat»). Muny ýaş wagtynda öldürip, ýitirim etmeli  («Görogly» eposy).


ÝITIRMEK, 1. Bir zady ýogaltmak, gaçyrmak.Çakgymy ýitirdim. 2. Zyýan çekmek, zelel görmek. Sen bir ýylyňy ýitirdiň  («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Müsüriň faraonlary äzleriniň Siriýadaky mülklerini ýitiripdirler (Gadymy dünýä taryhy). 3. Güýjüňi ýoklamak, ölüm-ýitime sezewar bolmak. Iňlisler şol söweşe goşulan güýçleriniň segsen protsentini ýitirdiler. Şol söweşde Artyk bir näçeç nökerini ýitirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Ýitirip   tapan  ýal y—ser. T a p m a k.  Ýitirip tapan ýaly onuň bilen içgin-içgin elleşip, saglyk-amanlyk  soraşdy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Tomaşaçylar we diňleýjiler Sowet Türkmenistanynyň şahyrlaryny, aýdymçylaryny, olar nirede peýda bolsalar-da, ýitirip tapan ýaly, doganlarça garşylaýardylar («Sowet   edebiýaty» žurnaly).

Abraýyňy ýitirmek — iliň hormatlamagyndan mahrum bolmak, biabraý bolmak,   hormatyňy   gaçyrmak.

Adamçylygy ýitirmek —ser.  A d a m ç y l y k.   Adamçylygyny ýitirip, ýytyrjylyk üçin ýallanýan bir topar aňmaz itler!  (B.  Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Aňyny    ýitirmek — ser. A ň.

I ş ukybyňy ýitirmek — ser. I ş. Iş ukybyny ýitiren garrylara uly kömek berilýär («Sowet Türkmenistany» gazeti).

Mal ýitirmek — küşt oýnunda malyňy mugt aldyrmak, malyňy gidermek   Şeýlelikde ol oýnuň ahyrynda ýalňyşlyk göýberip, bir malyny   ýitirdi («Sowet Türkmenistany» gazeti). Özüňi   ýitkrmek — ser. Öz. Aýsoltana näme jogap berjegini bilmän, özüni ýitirmek bilen, piliniň sapyny sypamagyny dowam  etdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Türkmen telpegine gözi düşen duşmanlar olardan sustlary basylyp, özlerini ýitirýämişler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

El-aýagyňy ýitirmek — ser. El I. Synçy geljek — diýeninden, özüni tutup bilmän, elini-aýagyny ýitirip başlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ÝITIŞMEK, 1. Kem-kemden ýitip gitmek, öçüşmek. Ýylpyldaşýan ýyldyzlar uçýan uçgunlar ýaly ýitişip, sönşüp barýardylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Könelip bozulyşmak, öçmek, öçüşmek. Ýadygärligiň ýazgylary ýitişip başlapdyr.


ÝITMEK, 1. Gaçyp ýogalmak, gaçyp galmak, gürüm--jürüm bolmak. Şol wagt patyşanyň gyzynyň ýüzügi ýiten eken («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy).

Ýiten pyçagyň sapy altyn (nakyl).

2. Azaşyp başga ýere düşmek, azaşmak. Guma oduna giden çagalaryň biri ýitipdir.

3. Görünmez bolmak, bozulmak, öçmek. Ol çylgamlar gitdikçe inçelip, ahyrsoňy çölde

Ýitip gidýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Köp wagt geçmegi bilen, ýazylan hatlar kagyzyň ýüzünden ýitip gidipdir.

<> Garasy ýitmek — ser. G a r a. Siziň garaňyz ýitmänkä, men yzyňyzdak ýeterin (B. Keraew, Aýgytly ädim).

Gözden ýitmek — ser.Göz.  Ýeke keýigiň jyrrarylyp, arany açyp, gözden ýitip barýandygyny saýgardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan) .