ZEN |
ZENAN [zena:n], kön. s. ser. Aýal. Galkyn gözüň görkez, hindi zenany, Gül meňzi saralan arap jenany.(«Oktýabrь ýalkymy»). Ol zenan aýnanyň öňünde syny çykaryp durşuna sözledi (M. Gorьkiý, Ene). ZENEHDAN [zenehda:n], kön. s. Alkym. Al ýaňak,badam gabak, alma zenehdan bäri gel («Turkmen halk şahyrana döredijiligi»). ZENZELE, Bir näçe sesleriň goşulyşmagyndan dörän güýçli şowhun, güwwüldi, galmagal, gopgun. Serçeler ala zenzele edip jürrüldeşýärdiler (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Obanyň içi dürli zenzele bilen ýaňlanýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ZENZELELI, 1. Güýçli şowhun bolup çykýan, galmagally, gopgunly. Zenzeleli gürrüň. 2. göç. m Dawa-jenjelli, jedelli. Zenzeleli ýowuz günlere kaýyl bolup, şaýyňyzy tutmaly bolarsyňyz (Şekspir, Otello). ZENIT, astr. 1. Asman sferasynda gözegçiniň kellesiniň dik üstündäki iň ýokarky nokat. 2. harby. Asmana atýan ýarag, top. 3. göç. m. Ýokary dereje, bir zadyň iň beýik derejesi. ZENITÇI, Zenit artilleriýasynyň artilleristi. |