SÖZLÜG

ZEB

ZEÝ

ZEK

ZEL

ZEM

ZEN

ZEŇ

ZEP

ZER

ZEF

ZEH

ZER, kön. s. 1. Altyn, tylla, gyzyl. Daşyna zer bilen öz ady ýazylan stakany aldy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kimleri aç edip, kimleri galtan, Kimleriň tagtyny zer eden kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Gyzyl, kümuş çaýylan ýa-da şolar ýaly reňk berlen sapak we ondan edilen nagyş, bezeg.


ZERAPAT [zera:pat], kön. s. Degişme, oýun, bälçiklik.


ZERARLY [zera:rly], Sebäpli, ýaňa, üçin, ötri. Zyýanly möjekler howanyň ýetmezligi zerarly gyrylýarlar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly)- Ol özüniň hordugy zerarly has uzyn ýaly bolup görünýär-di (B. Pürliew, Hekaýalar).


ZERBAP [zerba:p], Zer bilen bezelen, zer ýaly, zer mysaly. Ýigit nurdan zerbap don geýen ýaly, Durýar gyzyň göz öňünde ýalbyrap (R. Seýidow, Bagtlylar). Ýigit bardyr, sözi zerbap; Söz eşitse, tutar serbap (Mollamurt, Saýlanan eserler).


ZERGÄR, Kümüş  ussasy, kümüşden, altyndan, sep ýasaýan ussa. Ökde bir zergäriň sungaty ýaly,surat  dokaýanlaň işi inçedir («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Zer gadyryny zergär  biler   (nakyl). Zergär zer tanar, harban — har (nakyl).


ZERGÄRLIK,  Zergäriň hünäri, zergäriň  käri, zergärçilik.Zergärlik önümçiliginiň    güllemegi    XVII asyra degişlidir (SSSR taryhy).


ZERGÄRÇILIK, ser. Zergärlik. Feodallar zergärçilik önümlerini satyn alypdyrlar.(Orta  asyrlar taryhy).


ZEREWŞAN [zerewşa:n], kön. s. Zer-altyn seçelenip duran. Zerewşan seçekli köýnekçe,   güdüri güpjekçe salyp, Gyraty, eýerläp, kemsiz bezedi  («Görogly» eposy).


ZERZAW [zerza:w], Juda agyryly, azary alyp barýan. Şu gapdalym durşuna zerzaw, gapyrgam döwülmedik bolsa-da biridir (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ZER-ZAÝA [zer-za:ýa], Harap bolan, juda zaýalanan, tutuş haraba çykan. Päkize jaý zer-zaýa bolupdyr (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Aň salman oturypdyryn, goşlary bolsa damja zer-zaýa etjek — diýdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ZER-ZAÝAÇYLYK [zer-za:ýaçylyk], Has zaýa edilmeklik, bütnüleý harapçylyk, bozuklyk. Bu zer-zaýaçylyk üçin sizi jogapkärçilige çekäýmeli («Sowet adebiýaty» žurnaly).


ZERLEMEK, Zer çaýmak, zer bilen bejermek.


ZERLI, Zer çaýylan, zer bilen bejerilen, zer goşulan. Egni zerli donly Togsa baý Eziziň gaşynda iki bükülip salam berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Dolýar meniň torlaryma dürli balyklar: Altyn balyk, kümüş balyk, zerli balyklar (G. Seýitliew, Saýlanan eserler).


ZERRE, 1. Tozanyň, kirşeniň, çaňyň iň maýdaja bölejikleri, tozanyň uçganajygy.

2. göç. m. Sähelçe, azajyk, ujypsyz. Meniň ýüregimde zerrejik bozgaklyk ýok, ahyry (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Öz işinde zerre kössün goýýan ýok; Bu günki işi «erte ederin» diýýen ýok (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Bu ýaş ýüregimde ýok zerre arman, Ganat baglap, gökde uçan ýaşlygym. (R. Seýidow, Saýlanan eserler).


ZERRIN [zerri:n]: zerrin doýmak — gerk-gäbe Doýmak, garnyň ýarylara gelýänçä iýip doýmak, halys doýmak. Çekdirmeden, bökdürmeden zerrin doýansoň bolsa, başlygymyz bökdergi edip goýberdi («Tokmak» žurnaly).


ZERUR [zeru:r], Örän gerekli bolan, wajyp, derwaýys, möhüm. Eger ertir başga bir zerur işimiz bolmasa, hökman awa gideris. Gäminiň, ýöremegini oňatlaşdyrmak üçin emeli çäreleri geçirmek zerur bolýar' («Mydam taýýar» gazeti). Bize ýerden önýän zadyň hemmesi zerur (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ZERURLYK [zeru:rlyk], 1. Juda gereklilik, örän wajyplyk, derkarlyk. Zähmetkeşleriň şahsy zerurlyklary üçin goýberilýän zatlar haryt bolýarlar («Sowet Türkmenistany» gazeti).

2. Hökmanlyk, möhümlik, Derwaýyslyk. Size habar bermegiň zerurlygyny nazara alyp,mälim etmäge mejbur boldum (Myraly). Ezizi örän tiz ýaragsyzlandyrmaklygyň zerurlygyna Çernişow düşünýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ZERURÇYLYK [zeru:rçylyk], ser. Z e r u r l y k.