XVIII Asyr türkmen edebiýaty

XVIII asyrda türkmenleriň köpsi Türkmenistanyň häzirki çäklerinde ýaşapdyrlar. Olar Amyderýadan Kaspi deňzi, Maňgyşlakdyr Hywadan Türkmen - Horasan daglary aralygyndaky giň territoriýada ýerleşipdirler.

Ýurduň esasy meýdanyny Garagum çöli tutupdyr. Derýalaryň boýunda, dag eteklerinde ýaşaýyş üçin amatly ýerler bolupdyr.

XVIII asyrda türkmen halky ýarym oturymly, ýarym göçme halyn-da ýaşapdyr. Ilat maldarçylyk, awçylyk, eksrançylyk, belli bir derejede, hünärmentçilik, senetçilik bilen meşgullanypdyr.

Türkmenler   diňe   bir   ozara   söwda    (alyş-çalyş)   bilen oňmandyrlar. Olaryň, ýaşaýan ýeriniň üstünden Russiýa bilen söwda etmek üçin Hywanyň, Buharanyň, Balhyň, Hindistanyň täjirleri geçipdirler. Bu söwdada urug-tire serdarlary köp peýda görüpdirler. Türkmenler XVIII asyryň bütin dowamynda diýen ýaly Gündogaryň goňşy feodal döwletleriniň talaňçylyklaryna sezswar bolupdyrlar ýa-da olaryň raýatlary hokmünde köp salgytlar töläpdirler. Eýran, Hywa,  Buhara tarapyndan häli-şindi talanylypdyrlar! Şeýle elgaramaklyk XIX asyrda-da dowam edipdir.

Diňe tagt üstündäki göreşler, feodal gozgalaňlar bu döwletlerde syýasy taýdan durnuksyzligy emele getirýär. Hökmürowanlygyň belli derejede gowşamagy türkmenleriň erkinlige bolan ynamyny oýarýar. Ýöns türkmenler emele gelen amatly pursatdan peýdalanyp bilmeýärler. Olaryň özara birleşmeklerine mümkinçilnkler bolmaýar. Daşky duşmanlar we ýerli feodallar urug, tire-taýpa gapma-garşylyklary öjükdirýärler. Bu ýagdaý türkmenleriň birleşmegine, bitewi döwlet bolmagyna düýpli urgy bolýar.

Eýran, Hywa, Buhara bolsa syýasy taýdan-da ykdysady taýdan-da gowşan dowletler bolmagyna garamazdan, türkmenleriň agzalalyklaryny oz bähbitleri üçin doly peýdalanýarlar.

XVIII asyryň ýigrimpnji ýyllarynda Eýran, Hywa, Buhara döwletleriniň pese düşeninden peýdalanyp, ençsme talaňçy topalar ata çykýarlar. Şol toparlaryň birine Nedir diýen türkmen ýolbaşçylyk edýär. Onuň tiz wagtda ganhorluk, talakçylyk bilen dabaralanan ady töwerege ýaýrap başlaýar. Eýran şasynyň hyzmatyna geçýär, goşun serkerdesi bolup, köp ýörişlere gatnaşýar. Öz güýjüne daýanyp, şa tagtyny eýeleýär. Nedir şanyň döwründe türkmenleriň ýagdaýy ýaramazlaşýar.

Kemsidilmelere çydamadyk halk Keýmir körüň ýolbaşçylygynda oňa garşy gozgalaň turuzýarlar. Gozgalaň rehimsiz basylyp ýatyrylýar. Keýmir kör ölýär. Nedir şa türkmenleri rehimsiz gyrýar we Eýran şalygy üçin howpsuz diýen ýerlere göçürýär. Şa öldürilenden soň, halkda ýene birleşmek, döwlet bolmak baradaky nekirler ösüp başlaýar.

Çeper edebiýat we edebi hyzmatdaşlyk.

XVIII asyr türkmen halkynyň aňynda düýpli öwrülişikler bolup geçen döwürdir.

Bu döwürde Döwletmemmet Azady, Magtymguly, Andalip, Şabende, Şeýdaýy, Magrupy, Gaýyby ýaly ajaýyp söz ussatlary, ýaşap geçipdir. Türkmeniň progrsssiw pikirli wekilleri halky il-ýurt üçin, ar-namys üçin aýaga galmaga çagyrýar.

Watan, halk üçin janyny orta goýan mertleri wasp edýärler. Gorkaklary, namartlary, il-ýurda biwepalyk edenleri masgaralamak, neletlemek XVIII asyr edebiýatynyň esasy temalarynyň birine öwrülýär. Türkmen halkyny birlige, bitewi bir döwlet gurmaklyga çagyrýan eseriň tutuş bir uly tsikli döredilýär. Bu messle ýurduň mert ýigitlerini duşmana garşy aýaga galmaga çagyryş bilen sepleşdirilýär.

Şu döwürlerde Döwletmuhammet Azadynyň "Wagzy-Azat" eseri ylmy-çeper eser hökmünde orta çykýar. Onda awtor özbaşdak döwlet gurmalydygy, onuň başynda nähili adamy goýmalydygy hakynda gürrüň edýär. Azady döwletiň raýatyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydyklary, umumyhalk bähbitli işleri nähili amala aşyrmalydyklary barada durup geçýär.

Şabende hem türkmenleriň gahrymançylykly geçmişlerini, agzybir güýç bolandyklaryny, tutanýerliligiň we bir sözlüligiň olara üstünlikler getirendigini we dessanlarynda beýan edýär.

Nurmuhammet Andalyp şu meseläni ýatlap, her derdiň öz dermanynyň bardygy, ony pugta bilmegiň zerurdygy hakdaky ideýany orta atýar. Türkmen klassyky poeziýasynyň uly wekili Magtymguly özüniň essrlerinde agzybirlik, milli döwlet gurmak meselesini orta atýar. Ähli türkmen taýpalaryny bir milli döwlete gulluk etmege çagyrypdyr.

XVIII asyr türkmen edebiýatynda milli özboluşlylyk özüni görkezýär. Täze mazmunly klassyky poeziýa döreýär. Ýazuwly edebiýatda, aýratyn hem poeziýada, dessanlarda realistik ugur tertipleşýär, prograssiw ideýalar bilen pugta baglaşýar. Edebiýat zähmetkeş halkyň ideologiýa ýaragy hökmünde özüni görkezip başlaýar we halkyň isleg-arzuwlarynyň goraçysy hökmünde çykyş edýär.

XVIII asyr türkmen edebiýatyna Gündogaryň Nyzamy, Ferduwsi, Fizuly, Nowaýy, Jamy ýaly beýik şahyrlarynyň täsiri uludyr.

DÖWLETMÄMMET AZADY.

MAGTYMGULY.

NURMUHAMMET ANDALYP (1710-1770).

ABDYLLA ŞABENDE.

MAHMYT – GAÝYBY.

ŞEÝDAÝY /1730-1790 /1800/