DÖWLETMÄMMET AZADY.
ABDYLLA ŞABENDE.
MÄMMETWELI  KEMINE (1770-1840)
MOLLANEPES (1810 - 1862)
MAGTYMGULY
MAHMYT – GAÝYBY.
SEÝITNAZAR-SEÝDI. (1775-1836)
ANNAGYLYÇ - MÄTÄJI (1822-1884)
NURMUHAMMET ANDALYP (1710-1770).
ŞEÝDAÝY /1730-1790 /1800/
GURBANDURDY - ZELILI (1780 - 1846)
DÖWLETMÄMMET AZADY

XVIII asyr türkmen şahyrlarynyň arasynda Döwletmämmet Azady iň görnüklileriniň biridir. Ol türkmenleriň özbaşdak bir bitewi döwlet bolmagyny arzuw edipdir. Şahyr özüniň pikirlerini amala aşyrmak üçin, esasan, wagyz-nesihat bilen meşgul bolupdyr. Ol bu meselede öz döwürdeşlerinden goldaw isläpdir. Döwletmämmet Azady 1700-nji ýylda eneden bolup, Garrygala, Etrek-, Gürgen sebitlerinde ýaşap geçipdir. Onuň kakasyna Magtymguly ýonaçy diýip-dirler. Ol daýhançylyk, at esbaplaryny tikmek bilen muşgullanypdyr.

Ogluna kakasy Döwletmämmediň adyny dakýar.

Döwletmemmet Azady ilki oba mollasynda sowadyny çykýar. Soňra Hywa medreseleriniň birinde okuwyny dowam edýär. Ol arap, pars dillerini kämil öwrenýär.

Azady ylmy derejesiniň artykmaçlygy bilen ähli türkmen taýpalarynyň arasynda meşhur bolupdyr.

Döwletmämmet Azady il-günuň arasyndl ýaşaýyş, adamyň jemgyýetdäki orny barada wagyz-nesihat ýöretmek bilen birlikde, terbiýeçilik meselesine hem uly üns beripdir. Ol dünýä belli Magtymgulyny ösdürip ýetişdirmekde uly rol oýnaýar Şahyr 60 ýaşap, 1760-njy ýylyň mart aýynda aradan çykýar.

Azady öz döredijiliginde adyllygy, rehimdarlygy, asudalygy, agzybirligi öňe sürüpdir. Azadynyň döredijiligi "Wagyz-Azat", "Hekaýaty Jabyramsar", "Beshiştnama" we goşgy bilen ýazylan eserlerden we kiçi göwrümli şygyrlardan ybaratdyr.

"WAGZY-AZAT" ESERI

Döwletmämmst Azadynyň "Wagzy-Azat" kitaby şahyryň akyl-paýhasynyň kämillige ýeten, edebi döredijilik talantynyň gülläp ösen ýyllarynda döredilipdir. Onda şahyr döwrüniň ykdysadysti, syýasatm, halkyň ýaşaýşy baradaky köp ýyllyk synyny jemläpdir. Azady orta atýan meselelerini dini düşünjeler bilen baglanyşykly çözýär.

"Wagzy-Azatda" alty müňe golaý setir bolup, olar mesnewi formasynda, aruz ölçeginde ýazylypdyr. Bu kitap mynajat bilen başlanan. girişden hem-de dört bapdan ybaratdyr. Şahyr kitabynyň girişini gündogar edebi däbi esasynda başlaýar. Ol ilki bilen, adamyň ýaradylyşy, onuň erk-ygtyýarynyň, ömrüniň diňe bir taňra baglydygyny gysgajyk beýan edýär. Munuň yz ýany bilen bolsa, adamlary dogurçyl bolmaklyga, betgylyklardan daşda durmaklyga, süýji sözli, ýakymly bolmaklyga çagyrýar. Soňra betgylyklary, nebsine kowalşýanlary dini ýörelgelerden heder etmeklige, toba gelmeklige ündeýär.

Azady asyllylyk, adalatlylyk, sap ýüreklilik barada pekir ýöredende, liriki gahrymany beýlekilere görelde edip goýýar.

I BAP. PATYŞALAR BARADA

Azadynyň döwründe türkmen köp gowgaly günleri başyndan geçiripdir. Azady halkyň jebir-sütemlerden azat bolmagyny islepdir. Dagynyk ýaşaýan türkmen tirelerini birikmege, döwlet gurmaga çagyrýar. Azadynyň pikiriçe patyşa, han adyl bolup, özüne şan-şöhrat gazanmaly.

Şahyr halk bilen patyşanyň arasyndaky gatnaşygyň ysny-şykly bolmagyny nazarda tutup, häkimiýet başynda oturanlardan jemagatyň göwnüni tapmagy talap edipdir. Adamyň göwnüniň ýykylmagyny keramatly Käbäniň ýykylmagyndan hem müň kerem ýaman hasaplapdyr.

II BAP. BAÝLARYŇGARYP-PUKARALARA HAÝYR, KÖMEK ETMELIDIGI BARADA

"Wagzy-Azat" kitabynyň ikinji baby haýyrly işlere, birek-birege ýagşylyk etmeklige bagyşlanypdyr. Halkyň deň ýaşamazlygyny "hudaý tarapyn" diýip düşüydiripdir we jemagaty kaýyl bolmaklyga, sabyr-şükür etmeklige ündepdir. Barlylaryň ajy doýurmagyny, göwün bilen garşylap, olaryň dileglerini bitirmegini sogap iş hasaplapdyr. Kitabyň II babynda adam ahlagyny terbiýelemegiň çylşyrymly görnüşinden biri bolan birek-birege hormat goýmak, ene-atany, dogan-garyndaşy, il-güni sylamak, ussadyň gadryny bilmek ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Ata-enä hyzmat etmekligi perzendiň önünde mukaddas borç edip goýýar. Azady bu borjy dört topara bölýär, her topary bolsa ona bölýär.

1. Ten bilen baglanyşykly borçlar.

2. Dil bilen edilmeli borçlar.

3. Köňül bilen edilmeli borçlar.

4. Mal bilen baglanyşykly borçlar.

Şeýlelikde perzendiň ata-ene edilmeli kyrky borjy beýan edilýär. Şunuň bilen birlikde Azady jemagatyň agzybir, ylalaşykly ýaşamagyny, birek-birege eserdeň, garaşykly, ýumşak göwünli, eli açyk  bolmaklygyny, ýagşy-ýaman günde birek-birekden habar tutup durkmaklygyny nesihat berýer.

III BAP. YLYM WE ALYMLAR HAKDA

Azady öz durmuş tejribesi, sowady, gözýetimi, düşünjesi boýunça ylma hem-de onuň durmuşdaky ornuna ýokary baha beripdir. Ylmyň dunýä göz ýetirmekde, ýagşy-ýamany, haky-nähaky seljermek adamlara kömek edip biljekdigine şahyr ynanýar. Şahyr meseläni dogry çözmeklikde üç zadyň (ylmyň, ylym esasynda amal etmegiň  yhlasyň) zerurdygyny düşündirýär.

Azady dini ösdürmek, ony giň ýaýratmak ugrunda jan edipdir. Azady dini, ylmy-hudaý hakyndaky ylmy keramatly ylym hokmünde wasp edildir. Azady alymlary-taňrynyň dosty hasap edýär.

Döwletmämmet ylmy haýyrly, haýyrsiz, alymlary bolsa peýdaly, zyýanly diýen iki topara bölýer. Onuň özi diňe halka haýyrly peýdaly ylmyň hem-de alymyň tarapyny tutupdyr. Azadi üçünj babyň soňunda, umuman, sowat öwretmek hakda hem gysgaça durup geçýär. Ol bir oglany okadyp, sowatly etmegiň sogabyny on müň ajy doýurup, on müň eşiksize eşik berip gazanyljak sogap bilen deňeşdirýär.

IV BAP. DERWüŞLER HEM PAKYR-PUKARALAR HAKDA

Babyň başynda derwüşiň nähili adamdygy barada düşüňdirilýär. Derwüş şahyryň pikiriçe ylymly-bilimli bolup, dini ýerelgeleri wagyz edýän, sabyrly, açyk göwünli bolmaly. Halkdan hem olaryň göwnüne degmezliklerini talap edipdir. Essriň ahyrynda ony okanlara we diňlänlere gowy arzuwlar edilýär.

"Wagzy-Azat" kitabynyň ähmiýeti

Azady şu eserini ýazmak bilen örän köp prograssiw pikirleri orta atýar. Şahyr öz medeni we ykdysady taýdan ösen, halkyň asudalygyny gorap saklaýan döwleti arzuw edipdir. Şu döwletde parasatlygyň, adalatlylygyň höküm sürmegini isläpdir. Şahyr özüniň wasp edýän ylmyny ilatyň bähbidi bilen baglamaga niýet edinipdir.Alymlara gezek gelende bolsa, oýaryň ylymlaryny diňe oňat zatlar üçin ulanmalydyklaryny nygtapdyr.

Türkmen edebiýatynda gönüden-göni syýasy, ykdysady, medeni meseleriň we terbiýeçilik pikiriň giň planda orta atylandygy üçin bu eser edebiýatda görnükli orunlaryň birini eýeledi.