Tamdyra sapagy (1) ; Muzik teoriýsi bilen tanyşmak (2); Tamdyra sapagy (3) ; Tamdyra sapagy(4) ; Türkmen Aýdym-saz rowaýatlaryndan (5) ;

Tamdyra Sapagy: Rhythm (6) ;Takt, Taktçyzyklar, Taktgörnüşleri (7) ; Tamdyra sapagy (8) ;Şelpeler (9)

Muzik teoriýsi bilen tanyşmak (2)

Muzik notyny okamak, edil bir kitap okadyň ýaly-dyr.muzik dürli symbollar bilen görkezilýär we her haýsynyň belli manysy bar. Şu symbollary öwrenen zamanymyz, sazy okamany başarýarys.Muzik notlary 5 sany üsti-üstünde çekilen çyzyk we 4 sany çyzyk aralagyn- da ýerleşýär.

Bu 5 çyzyk weolaryň arasyndaky 4 sany çyzyk arasy bileligde Not system ỹa-da Not Saçagy diýilip atlandyrylýar. Elbet-de bu ýerde saz teori we grameri doly hemme taraplaýyn ýazyp bolmaýar,şol sebäpli gysgabolsa-da açyk edip görkezjek bolaryn.

Aşaky bölegleri bir-birden okap we muzik symbollary bilen tanyş bolsaňyz haýsy bir saz gural bolanda-da ony öwrenmek size aňsat bolar. 

Not system Ton beýikligi we Not açarlary

RhythmTakt çyzyklary,

takt we takt görnüşleri

Ton görnüşleri Dynamik

Tempo  

Notsystem

Not çyzyklar we olaryň arasyndaky ỹerle

Piano we not systemi

Kömekçi çyzyklar             

Not çyzyklar we olaryň arasyndaky ýerler 

Not systemi 5 çyzyk we 4 çyzyk aralygyndan bileligde bolup durýar.Notlar şol 5 çyzygyň üstünde ýa-da aralarynda goýulyar.Not näçe ýokarda dursa şonça beýikton-da sesli bolup ýaňlanýar. Näçe aşakda dursa onda,pes ton-da ýaňlanýar.Görşümüz ýaly her bir çyzyk we çyzyk aralygy belli bir ton beýikligi aňladýar. 

5 sany Not çyzygy                         4sany Not çyzygyň aralygy                      

 

Piano we not systemi   

Piano guraly 2 not system bilen ýazylýar.biri Violon açarly not system we Ikinjisi bassaçarly not system.sebäbi pianoda köp notlar ýa-da sesler bar.Şonuň üçin pianoň hemme notlary(sesleri) bir not systeme sygmaýar.

       

 Orta C not systemiň arasynda bir kömekçi çyzygyň üstünde ýerleşýär. (violon açaryň aşagynda we Bass açaryň ýokarsynda)

Kömekçi çyzyklar  

 

Kömekçi çyzyk diýmek, kiçi çyzylan göni çyzyk we not systemiň çyzyklaryny ýokara ýa-da aşak ugruna uzultýar. Notlaryň ady bolsa 1nji çyzygyň aşagyndaky kömekçi çyzyk bilen başlaýar  we ýokarlaýyn dowam edýär.

 

( C , D , E , F , G , A ,H ,C ).

 

Mesal:

-   Birinji kömekçiçyzyk not systemiň aşagynda Violon açary bilen orta C _ni berýär.

 -   Birinji kömekçi çyzyk not systemiň ýokarsynda Bass açary bilen ýene-de orta C sesini berýär.

 -   Birinji kömekçi çyzyk not systemiň ýokarsynda Violon açary bilen A bolýar.

 -   Ikinji kömekçi çyzyk not systemiň ýokarsynda Violon açary bilen gaýtalanýan C.

 

Kömekçi çyzyk                   orta C

 
 

       Sorak we ýümüşler 

1.Not saçagy ýa-da Not system sazçylyk düzgünleri boýunça nämeden ebarat ?

2.Notlar systemde haýsy ýerde pes tonly we haýsy ýerde beýik tonly bolup ýerleşýär ?      

3.Piano not systeminde orta C niresinde durýar ? we şol iki system nämel atlar bilen tanalýar ?

4.Näme üçin Not systemde kömekçi çyzyk gerek we şol çyzyklar-da haýsy sesler ýerleşýär?