SÖZLÜG ; B- HARPY;
BÜR

BÜRGÜT, zool. Uly we güýçli ýyrtyjy guş. Ýöne garaguşlarda bürgütlerden başga bir näçe aýratynlyklar bar («Pioner» žurnaly).


BÜRE, zool. Başga organizmleriň gany bilen eklenýän, kiçijik bökýän möjejik. Adam büresi hem howpsuz däl (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, Zoologiýa). Gan sorujy büreler hem kesel guşdan sag guşa mergi keselini geçirip bilerler.

<> Körük eline büre düşen ýaly etmek — ser. K ö r.


BÜRELMEK, Bir zadyň üsti örtülmek, bir zat bilen ýüzi ýapylmak, gerilmek. Ozalky wagtda aýal-gyzlaryň elmydama bürelgidi ýüzleri (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Kiçijik ak mata onuň aýaklaryna, bedeniniň üstüne bürelipdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BÜREMEK, 1. Bir zadyň üstüni, daş-töweregini görünmez ýaly edip örtmek. Ol ýerde giň ýoly baglar büreýärdi.

2. Başa bürenjek atmak, başyny örtmek.


BÜRENJEK, Aýallaryň başyna atynýan çabydy. Bürenjek hem atynypdyr, Aýagynda gara paşmak (Çary Aşyr, Poemalar).


BÜRENMEK, 1. Bir zat bilen örtünmek, ýapynmak. Aşgabat bürendi gök begres baga («Sowet edebiýaty» žurnaly). Şunuň ýaly ýakymly säher çagynda ýorgana bürenip ýatmak bolarmy diýsene! («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Başa bürenjek atynmak. Adam görse, gaçýardyňyz bürenip, Ýaşaň aýal-gyzlar, zamanaňyz geldi (Durdy Gylyç, Goşgular).


BÜRJEŞMEK, Ýygyrt-ýygyrt bolmak, ýygrylmak, bürülmek. Onuň saç-sakgaly elli ýyllyk durmuşyň bütin jebir-süteminden horlanan adamyňky ýaly agaryp, ýüz-gözi bürjeşipdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BÜRKÜLDEWÜK, Ýumşak, ürgün. Hemişe ýerler, ýollar çukanak-çukanak bolup, bürküldewük gum tozap ýatardy. Ýoluň bürküldewük tozany onuň bütin üstüni-başyny basdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BÜRKÜLDEMEK, Örän maýda, ürgün halda bolup, basanynda ýa-da el uranyňda tozap durmak. Ýoluň kirşeni aýagyň aşagynda bürküldäp dur.


BÜRMEK I, bot. Dik ösýän we daşy tüýjümek uzynja çogdam däneli birýyllyk haşal ot, ýapyşak. Onuň endam-janyna bürmek ýapyşypdyr.


BÜRMEK II, 1. ýygyrmak, büzmek. Haltanyň agzyny bürmek.

2. Çytmak, ýygyrmak. Ol öz-özünden. ýylgyryp, öýüniň gapysyny açdy-da, birden gaşlaryny gaharly bürüp, bosagada togtady (N. Jumaew, Ak derek).


BÜRÜLMEK, 1. Ýygrylyp büzülmek. Temmäki haltanyň agzy bürülgidi.

2. Ýygrylmak, çytylmak. Gözleri gije-gündiz bürlüp dur (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


BÜRÜŇÇ I, Mis bilen galaýydan emele gelýän metal. Şkaflaryň üstünde bürünçden ýasalan býust bardy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Ýazbibi sary bürünç semawary getirip, stoluň üstünde goýdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BÜRÜNÇ II, bot. ser. Tüwi. Atyň kişmşi iýermi, bürünç iýermi? («Görogly» eposy).


BÜRÜŞDIRMEK, 1. ýygyrmak, çytmak. Ol çogdam gaşlaryny bürüşdirip, esli saklandy («Kolhoz günleri»).

2. Bedeniň bir ýerini ýa-da bir zady oda ýa-da gaýnan suwa ýakyp çürüşdirmek. Ädigimi oda bürüşdirdim.


BÜRÜŞMEK, I. Ýygrylmak, çytylmak. Onuň çep gözüniň ýokarky gatlagy peşehorda çykyp gutulan ýaly bürşüpdir (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Bir-den ýene çytyk gaşy bürüşdi (A. Atažanow, Iki poema)

2. Endamyň bir ýeri ýa-da başga bir zat oda ýa-da gaýnan suwa ýanyp çürüşmek. Olar bütinleý oda gowrulyp bürşüpdirler .(O. Gonçýar, Baýdak göterijiler).