BÜT
|
BÜTIN [büti:n], Hemme, ähli. Bütin zähmetkeşiň agzyn bir ädip, Ýörütmekdi çyn Myrady Leniniň (Mollamurt. Saýlanan eserler). Ol özüniň bütin ömründe iki sapar aýdym aýdypdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Dünýedäki bütin zatlaryň eýesi-de, häkimi-de adam (M. Ibrahimow, Ol gün geler). BÜTINDÜNÝÄ [büti:ndünýä], Dünýäniň hemme ýeri boýunça, dünýäniň bütin ýurtlary boýonça. Ýaşlaryň bütindünýä festiwaly. BÜTINLEÝ [büti:nleý], 1. Düýbünden, düýpgöter. Türkmen aýallarynyň durmuşy hem bütinleý özgerdi («Edebiýat»). Daş-töwerek eýýäm bütinleý garaňkyrap-dy, gözýetimiň ýokarsynda bolsa insizje orak ýaly Aý görünýärdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). 2. Boýdan-başa, tutuş, doly. Toýhana ýazylsyn bütinleý haly, Gözeller geýinsin gülälek ýaly (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Emma «Betbagtçylykly waka» diýen peesa kemçiliklerden butinleý halas däl («Sowet Türkmenistany» gazýeti). BÜTINLEÝIN [büti:nleýin], ser. Bütinleý. Aýsoltan ýylgyryş alamatyny bütinleýin gizläp bilmedi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Emma häzirki kerwen. häzirki argyşçy bütinleýin başgady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). BÜTINRUSSIÝA [büti:nrussiýa], Ähli Russiýa hem-de Russiýa Sowet Federatiw Sotsialistik Respublikasyna degişli bolan. BÜTINSOÝUZ [büti:nsoýuz|, Soýuz boýunça, Sowet Soýuzy üçýan umumy bolan Pagta öndürmekde Bütinsoýuz möçberinde biziň respublikamyz ikinji ýer tutýar (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ýaşlaryň Bütinsoýuz festiwaly. |