SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AÇG

AÇGÖZ [a:çgöz], 1. Hiç zatdan gözi doýmaýan, husyt, gysganç.

2. Zalym, ýyrtyjy. Bagymyza giren açgöz börini, Gan eňredip göre sürüň, mertlerim! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


AÇGÖZLI  [a:çgözli],Gözi ganmaýan, gözi doýmaýan, doýmaz-dolmaz.

Ýurtbasar, maýadar, açgözli baýlar, Dawa bolsa, asla gandan doýmaz hiç (Mollamurt, Saýlanan eserler).


AÇGÖZLÜK [a:çgözlük], Hiç zatdan gözi doýmazlyk, hiç zatdan gözi ganmazlyk, husytlyk, gysgançlyk.


AÇGÖZLÜLIK [a:çgözlülik], ser. Açgözlük. Onuň ýüzüne açgözlülik bilen seretdim (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


AÇGYR, Açagan, açmaga ökde, açmaga ukyby bar bolan.