SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AÇY

AÇYK, 1. ÝApyk däl, bagly däl.

Tamyň gapysy açyk duran ekeni (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyts gahrymany). Açyk gapy.

2. Gizlin däl.

3. Aýdyň, dury, temiz. Gyş wagtynda okuwçynyň sporta we açyk howada oýnamaklyga bolan höwesini her hili ýol bilen götergilemek gerekdir (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika). Açyk asman buludy dek (M. Gorьkiý, Eserler).

4. Göni, dogry, dos-dogry, anyk. Ýokuş degýär — diýip açyk aýdýar, oňa hem yokuş degýär, emma gitmek isleýär (M. Gorьkiý, Ene).

5. Üsti ýapyk bolmadyk,- daşyna haýat, gabaw edilmedik. Ýygnak açyk meýdanda geçýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim);.

<> Göwni açyk — şat, şähdi göterilen.

Eli açyk — ser. E l. Eli açyk adam.


AÇYKGÖWÜNLILIK, Şähdaçyklyk, şadyýanlyk.

Ol gara gözleriniň soraýjy nazaryny Pawele dikip, açykgöwünlilik bilen ýylgyryp, jogaba garaşdy (M. Gorьkiý, Ene).


AÇYKDAN-AÇYK, Gös-göni, dos-dogry, üzül-kesil. Açykdan-açyk garşy çykmak.


AÇYKLYK, 1. Ýapyk dällik, bagly dällik.

2. Şat göwünlilik, şähdi gowulyk.

3. Tekiz ýer, boş meýdan. Peliň içindäki açyklykda üýşürilen kartoşka hasylyň bol bitenligine şaýatlyk edýärdi («Pioner» žurnaly).

<> E l i açyklyk — ser. E l.


AÇYLMAK, 1. Açyk bolmak, gapagy, agyzýapysy aýrylmak.

Alnan hatlar şol ýeriň özünde açylýardy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

2. Herekete başlamak, funktsionirläp başlamak. Şu ýyl taýýarlanyp, täze açylan, Belent klub jaýy görünýär daşdan («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bir gün bu kentde-de mekdep açylar, çagalary okadarsyň (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

3. Güllemek, gül açmak. Açylypdyr güllerimiz, Azat saýrýar dillerimiz (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ykjam bitirilýär planly işler, Açyldy günçalar, sowuldy gyşlar (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

4. Durlanmak, ýagtylmak, ümür-dumansyz bolmak (howa hakda).

Howa kä açylýar, käte bulaşýar (B. Kerbabaew, Aýlar).

5. Dowam etdirilmek, başlanmak, döredilmek. Şu gün SSKP-niň nobatdaky gurultaýy açylýar.

<> ýüzi açylmak — ser. Ýüz I. Altynyň ýüzi açylyp başlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


AÇYNMAK, Üstüňi açmak. Ol hemişe açynyp ýatýar.


AÇYŞ, Oýlap tapyş, täzelik döretmeklik. Munuň özi ýene bar ideýa hem däl, tüýs bir açyş (M. Gorьkiý, Eserler).


AÇYŞDYRMAK, Hemmesini açyp goýmak, bir ýan ujundan açmak. Gapylary açyşdyrmak. Gömlen samanlary, açyşdyrmak.


AÇYŞMAK, Açmaga kömek etmek, köp bolup açmak.

Nurberdi ikimiz Sapara ýaşik açyşdyk.